Norwegiýanyň gündogaryndaky bir meýdanda 3000-den gowrak wikingler döwrüne degişli kümüş teňňe tapyldy

  • 15.05.2026 11:33
  • 3.4k+

Gündogar Norwegiýada geçen aý ýurduň wikingler döwrüne degişli kümüş teňňeleriniň iň uly hazynasy tapyldy — aýyň ahyryna çenli arheologlar XI asyra degişli 3000-den gowrak nusgany tapdylar.

Bu açyşy ilkinji bolup edenler, ýer eýesiniň rugsady bilen 10-njy aprelde Rena şäheriniň golaýyndaky meýdany öwrenýän höwesjeň hazyna gözleýjiler Wegard Serli bilen Rune Setre boldy. Bu ýer öň metal detektorlar arkaly gözden geçirilmändi. 19 teňňäni tapanlaryndan soň, olar gözlegi bes etdiler we hünärmenlere habar berdiler.

Science Norwegiya žurnalynyň habaryna görä, arheologlaryň gatnaşmagynda tapyndylaryň sany ilkinji günde 70-e ýetdi we artmagyny dowam etdirdi. Golaýyndaky fermanyň adyna ýanalyp Merstad diýlip atlandyrylan hazyna Norwegiýadaky iň uly hazyna boldy.

Alymlaryň baha bermegine görä, teňňeler ilki organiki gapda saklanypdyr, emma wagtyň geçmegi bilen ol zaýalanypdyr. Soňra meýdanyň sürülmegi netijesinde olar meýdana giňden ýaýrapdyr. Tapyndylaryň köpüsi gorap saklamak we öwrenmek üçin Oslodaky Medeniýetiň taryhy muzeýine geçirilipdir.

Professor Sweýn Harald Gullbekk hazynanyň takmynan 1050-nji ýyla degişlidigini habar berdi. Şaýylyklaryň köpüsi nemes we iňlis teňňeleri. "Bu Demirgazyk Ýewropadaky tapyndylara mahsusdyr. Bu teňňeleri wikingler döwrüniň ýewrosy ýa-da dollary diýip atlandyryp bolar" diýip, ol belledi.

Norwegiýa teňňeleri aýratyn gymmatlydyr, olary zikgelemeklige patyşa Harald III Gazaplynyň döwründe 1045-nji ýyllar töwereginde başlandy. Hazynanyň gizlenmeginiň sebäpleri nämälim bolmagynda galýar.

Arheologlar bu ýeri azyndan iki möwsümiň dowamynda öwrenmegi dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.


22.06.2026 14:28
1.3k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......