Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

  • 04.06.2026 11:11
  • 3.2k+

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny anykladylar. Alymlaryň berýän maglumatyna görä, bu Rim Britaniýasynyň çäklerinde tapylan ilkinji hem ýeke-täk şeýle görnüşli tapyndydyr.

Bu artefakt 1983–1984-nji ýyllarda tapylypdy we biziň eramyzyň II asyrynyň ahyrlaryna degişli edilipdi. Oňs uzak wagtlap adaty bir aýna gapdyr öýdülip gelindi. Emma Barbikan gözleg merkeziniň doktory Hillari Kul onuň özboluşly aýratynlyklaryna üns berdi we bu tapyndynyň aslynyň Müsüre degişlidigi baradaky netijä geldi.

Çüýşejik gök-ýaşyl reňki, galyň kümüşsöw gatlagy we gara tegmilleri bilen tapawutlanýar. Bular bolsa rim-britan aýna önümlerine mahsus bolmadyk häsiýetlerdir. Gabyň görnüşi has-da uly gyzyklanma döredýär, onuň içinde müsürlileriň sürme gaplaryna mahsus bolan silindr şekilli çukurjyk bar. Şeýle gurluş kosmetiki serişdäni çalmak üçin ýörite guraly ulanmaga mümkinçilik beripdir.

Bu hili gaplar mundan ozal, esasan Müsürde, şol sanda Umm-Balad we Didimoý ýaly harby desgalarda, şeýle hem 36 sany şeýle gapjagazyň tapylan ýeri bolan Wadi Abu-Maamel galasynda tapylypdy. Gözlegçiler Müsüriň we Sudanyň çäklerinden daşarda sürmä uly isleg bolmandygyny göz öňünde tutup, bu gabyň Britaniýa söwda ýoly arkaly gelip düşme ähtimallygyna kän bir ynanmaýarlar.

Doktor Kuluň pikiriçe, bu çüýşejigiň asly müsürli ýa-da şol ýerde uzak wagtlap harby gullukda bolup, ýerli endikleri mazaly özleşdiren bir esgere degişli bolan bolmagy mümkin.


22.06.2026 14:28
1.3k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......