Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

  • 21.05.2026 20:16
  • 3.3k+

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar.

Eger-de onda bilkastlaýyn deşilen yzlar bolmasady, bu tapyndyda geň galdyryjy hiç zat bolmazdy. Barlagçylar muny Homo urugynyň taryhynda stomatologik goşulyşmanyň iň gadymy belli subutnamasy hasaplaýarlar.

Derňewiň netijeleri PLOS One žurnalynda çap edildi.

Diş gowagyň hiç hili gozgalmadyk medeni gatlagyndan tapyldy. Barlagçylaryň sözlerine görä, kariýes tarapyndan düýpli zeper ýeten nusga diňe duran ýerinden on müňlerçe ýyllap üýtgemändigi üçin saklanyp galypdyr.

Ikinji uly azy dişiniň çeýneýän ýüzünde alymlar mikrokannawly çuň deşigi tapdylar. Derňew bu deşigiň ýuka daş guralyň, çaklamalara görä ýaşma daşynyň aýlawly hereketleri bilen döredilendigini görkezdi. Şeýle gurallar mundan ozal hem Çagyrskaýa gowagynda tapylypdy.

Bu tapyndy bolýança, stomatologik kömegiň iň gadymy mysaly hökmünde Italiýadan tapylan ýaşy, takmynan, 15 müň ýyl bolan Homo sapiens-iň dişi hasaplanýardy.

Barlagçylar daş uçlary ulanyp tejribe geçirdiler we deşigiň şoňa meňzeş yzlaryny aldylar. Olaryň pikirine görä, bu hadysa hereketleriň takyklygyny we agyrynyň sebäbine düşünmegi talap edipdir.

Dişde şeýle hem tebigy könelmäniň yzlary galypdyr, bu bolsa adamyň bu gatyşmadan aman çykandygyny we gatyşmadan soň hem dişini ulanmagy dowam edendigini görkezýär. Alymlar gadymy adamlaryň agyryny we çişmegi azaltmak üçin diş nerwine ýetmäge synanyşan bolmaklarynyň mümkindigini çaklaýarlar.


düýn 11:13
7.2k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 08:53
2.8k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

07.06.2026 17:05
9k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......