Nafud çölünde gadymy "ýol belgileri" tapyldy. Olar adamlara suw gözlemekde çelgi bolupdyr

  • 06.10.2025 10:44
  • 6.1k+

Saud Arabystanynyň demirgazygyndaky Nafud çölünde tapylan haýwanlaryň ägirt uly gaýa suratlarynyň gadymy adamlar üçin “ýol belgisi” bolandygy anyklandy. Gadymy döwürde  bu suratlar suw çeşmelerine barýan ýoly görkezipdir diýip, Nature Communications žurnalynda çap edilen barlagyň netijesinde aýdylýar.

Radiouglerod sene anyklaýyş usuly, gaýa suratlarynyň ýaşynyň 12 800 - 11 400 ýyl aralygyndadygyny, ýagny, olaryň bu sebitde adamlar mesgen tutmazdan iki müň ýyl öň peýda bolandygyny görkezdi. Olarda haýwanlar, esasanam düýeler hakyky ölçeginde şekillendirilip, 39 metre çenli belentlikdäki uly gaýalarda ýerleşýär.


Arheologlar bu haýwanlaryň tötänden saýlanmandygy tötänlik däl diýip hasaplaýar: köplenç gaýalarda jübütleşýän möwsüminde boýunlarynda peýda bolýan häsiýetli güberçegi bolan we gür sütükli erkek düýeler şekillendirilýär. Bu gadymy suw çeşmeleriniň gyşda emele gelendigini görkezýär. Bu mysal haýwanlaryň daşky gurşawyň agyr şertlerine çydamly bolandygyny hem aňladyp biler.

Topar üç ýeri gözden geçirdi, şol ýerlerde 176 sany haşamlanyp çekilen 62 surat, şeýle hem ojagyň, haýwan süňkleriniň, daş gurallaryň we şaý-sepleriň  galyndylary tapyldy.
Maks Plankyň jemgyýetiniň Geoantropologiýa institutynyň arheology Mariýa Guanýiniň sözlerine görä, bu tapyndylar demirgazyk Arabystanyň ozal pikir edilişinden has ir ilatlaşandygyny we çölleriniň şol döwürde çygly we ýaşamaga  ýaramly bolandygyny görkezýär.


04.06.2026 18:07
7.1k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

10.05.2026 10:31
6.1k+

Horwatiýada bazaryň aşagyndan el degrilmedik rim gubury tapyldy

Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we......