EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

  • 14.05.2026 14:30
  • 5.7k+

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen bu rekonstruksiýa şäheriň daşyndaky gonamçylykdan tapylan iki erkek kişiniň galyndylaryna esaslanýar.

Alymlaryň aýtmagyna görä, olar kenarýakasyna tarap gaçyp gutulmaga synanyşypdyrlar, emma heläkçiligiň haý-haýly pursatlarynyň birinde wepat bolupdyrlar. Olaryň biri gyzgyn gaz we kül buludy sebäpli bada-bat heläk bolan bolsa, ikinjisi has uzak wagtlap diri galyp, kellesiniň üstüne toýun sokyny tutup, ýokardan gaçýan böleklerden goranmaga çalşypdyr. Onuň ýanyndan keramiki çyra, çep eliniň külbike barmagyndaky kiçijik demir ýüzük we özi bilen alyp gaýdan on sany bürünç teňňesi tapyldy. Bu tapyndylar onuň iň gymmatly zatlaryny alyp, gyssanmaç gaçandygyny görkezýär.

Paduýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda, emeli aň algoritmleriniň kömegi bilen dikeldilen sanly keşpde, şol adamyň wulkanyň atylyp duran pursadynda kellesini okara bilen goraýan janhowul ýagdaýy şekillendirildi.

Alymlar bu rekonstruksiýanyň çaklamadygyny belläp, onuň heläkçiligiň ýagdaýyny has gowy düşündirmäge kömek edýändigini aýdýarlar.


düýn 17:37
1.9k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
2k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
2k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......