Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

  • 22.05.2026 15:41
  • 4k+

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi.

Ondaky maglumatlara görä, ýaponlaryň kelleleri has togalanypdyr, duluk süňkleri daralyp, ýokarky äň giňelipdir, burun bolsa has inçelip, öňe saýlanypdyr. Tibedäki Milli polisiýa ylymlary ylmy-barlag institutynyň kazyýet antropology Usui Siori beýleki ýurtlarda üýtgeşmeleriň dürliçe bolup biljekdigine garamazdan, durmuş ýörelgesiniň üýtgemegi bilen bu umumy meýilli ýagdaýyň tutuş dünýä mahsusdygyny belleýär.

Barlagyň dowamynda alymlar XX asyryň başynda (1900–1920-nji ýyllar) we soňky ýyllarda (2022–2024-nji ýyllar) aradan çykan jemi 112 adamyň kelleçanaklarynyň kompýuter tomografiýasyny (KT) deňeşdirdiler.

Seljerme işi üç ölçegli şekillerdäki 161 sany takyk nokat boýunça amala aşyryldy we kelleleriň geçen asyryň başyndakysy ýaly süýri hem-de dar däl-de, eýsem has togalak görnüşe geçendigi anyklandy. Şeýle-de maňlaý beýikliginiň peselip, gulaklaryň arkasyndaky emzikşekilli süňk ösüntgileriniň has aýdyň görnüp başlandygy belli boldy.

Alymlaryň pikiriçe, bu anatomik üýtgeşmeler genetika bilen däl-de, eýsem durmuş şertleriniň gowulanmagy, saglyk ýagdaýynyň ýokarlanmagy we has ýumşak iýmitlere geçilmegi bilen baglydyr. Mundan başga-da, soňky ýüz ýylda erkekler bilen aýallaryň ýüz keşbindäki tapawutlaryň has hem güýçlenendigi, esasanam erkeklerde gaşlaryň ýokarsyndaky süňkleriň has mese-mälim ýüze çykandygy nygtalýar.

Usui Siori dürli halklaryň döwrebaplaşan gurşawa nähili uýgunlaşandygyna doly düşüner ýaly, mundan hem giňişleýin barlaglaryň geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.


düýn 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.1k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.8k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....