В Турции нашли 8000-летние наскальные рисунки

  • 13.11.2025 19:06
  • 5.7k+

Türkiýäniň Erjiýes dagynyň etegindäki Deweli sebitinde arheologlar, takmynan, 8000 ýyllyk gaýa suratlaryny tapdylar diýip, Kaýseri welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk müdirliginiň portaly habar berdi.

«Bu gaýa ýazgylary — adam hyýalynyň iň irki ýüze çykan nyşanlaryndan biridir. Her bir şekil — goý, ol adam bolsun, haýwan ýa-da abstrakt belgi — ýazuw döremezden öňki düşünjäni görkezýär» diýip, Arkeonews neşiri alymlaryň sözlerini getirýär.

Suratlar gadymy suw çeşmeleriniň we araçäk ýollarynyň golaýyndaky gara wulkan gaýalaryna çekilipdir. Alymlar bu ýerleriň öň ybadatlar ýa-da jemgyýetçilik ýygnaklary üçin ulanylan bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar. Gaýalaryň ýüzünde adam we haýwan şekillerinden başga-da geometrik nagyşlar bar — olar belki-de awçylyk däplerini, mifologik wakalary ýa-da jemgyýetçilik ybadatlaryny görkezýär.

Şekilleriň käbiri gaýanyň ýüzüne oýulypdyr, käbirleri bolsa gyzyl boýag bilen çekilipdir. Alymlar bu şekilleriň nähili döredilendigini we olaryň manysynyň nämedigini anyklamak üçin 3D modelirleme hem-de ulanylan gurallaryň analizini geçirmegi meýilleşdirýärler.
Alymlaryň pikiriçe, bu petroglifler (gaýa suratlary) hettlerden we assiriýalylardan hem öň, ýagny ýazuwyň heniz ýok döwrüne degişlidir diýip çaklaýarlar. Bu sebitiň özi uzak ýyllaryň dowamynda medeniýetleriň çatrygy bolup, soňra bu ýerde assiriýa söwda merkezleri döräpdir, soňra Kaýser şäheri Hett imperiýasynyň düzümine giripdir.
Obýekt resmi taýdan arheologik ýadygärlik hökmünde hasaba alnandan soň, yzygiderli gazuw-agtaryş işleri we nyşanlaryň çuňňur öwrenilmegi meýilleşdirilýär. Bu bolsa, Merkezi Anadolyda adam pikirlenmesiniň we medeni däpleriň ösüşine has gowy düşünmäge mümkinçilik berer.


07.06.2026 20:06
3k+

В Норвегии раскопали большой клад серебряных монет XI века

Норвежские археологи обнаружили клад из 4772 серебряных монет эпохи викингов на поле возле города Рена. По предварительным оценкам, монеты были спрятаны около 1050 года нашей эры....

05.06.2026 11:37
3.7k+

Под Нотр-Дамом обнаружили артефакты возрастом до 1700 лет

Во время раскопок на площади перед собором Парижской Богоматери археологи обнаружили сотни артефактов возрастом до 1700 лет. Находки относятся к римскому периоду, раннему Средневековью и эпохе строительства......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Найденный в Англии древнеегипетский сосуд оказался флакончиком для косметики 

Исследователи установили, что стеклянная колба, найденная более 40 лет назад во время археологических раскопок в английском Йорке, является уникальным египетским сосудом для хранения сурьмы. По данным учёных,......

01.06.2026 20:16
6.4k+

Канье Уэст собрал на стадионе в Стамбуле 118 тысяч зрителей и установил рекорд

Американский рэпер Канье Уэст впервые дал концерт в Стамбуле и собрал около 118 тысяч зрителей на Олимпийском стадионе имени Ататюрка. По данным агентства Anadolu, это стало новым мировым рекордом посещаемости......