Müsürde 20 ýyldan soň faraon Amenhotep III-niň aramgähini dikeldiş işleri tamamlandy

  • 07.10.2025 23:23
  • 5.3k+

Müsürde Luksoryň günbatar kenaryndaky Patyşalar jülgesinde faraon Amenhotep III-niň aramgähini dikeltmek işleri tamamlandy. Bu barada ýurduň syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministri Şerif Fathi habar berdi. Ol ýadygärligi myhmanlar üçin açdy diýip, Phys.org ýazýar.

Işler 20 ýyldan gowrak wagt – 2001-nji ýyldan bäri üç tapgyrda alnyp baryldy. Taslama Müsürden, Ýaponiýadan we Italiýadan 260-dan gowrak hünärmen gatnaşdy. Olar çyglylyk we wagt zerarly zaýalanan diwarlary berkitdi, gadymy suratlary dikeltdi.
Aramgäh 14 metr ýeriň aşagyna gidýär we uzynlygyna 36 metr uzalýar. Onda faraonyň jaýlanan otagy we faraonyň aýallary – Tiýa we Sitamun üçin iki otag ýerleşdirilipdir. Diwarlarda “Merhumlar kitabyndan” sahnalar we Amenhotep III-niň Müsür hudaýlarynyň ýanyndaky suratlary saklanyp galypdyr.
Aramgäh 1799-njy ýylda fransuz inženerleri tarapyndan açyldy, soň ony Tutanhamonyň aramgähini açan arheolog Goward Karter öwrendi. Şol wagta çenli artefaktlaryň köpüsi, şol sanda sarkofag ýitipdi.
Ýadygärligiň açylmagy 2025-nji ýylyň 1-nji noýabryna meýilleşdirilen Kairde Uly Müsür muzeýiniň işe girizilmegine gabat getirildi. Häkimiýetler munuň 2025-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda 26% ýokarlanan syýahatçylygyň ösüşine goldaw bermegine bil baglaýar.  


düýn 20:16
2.1k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....

20.05.2026 17:37
2.9k+

Mohenjo-Daronyň syry: gadymy megapolis sosial deňsizligi nädip ýeňipdir

Adamzat taryhynda ilkinji megapolisleriň döremegi, adatça, birmeňzeş gözgyny ýagdaýlara getiripdir diýlip hasap edilýär: ägirt uly baýlyklaryň hökümdarlaryň elinde jemlenmegi, ruhany elitanyň peýda bolmagy we......

20.05.2026 11:33
3.5k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ýitip giden Sak-Balam şäheriniň täze yzlary tapyldy

Arheologlar Meksikanyň jeňňelliklerinde tapylan ýeriň maýýalaryň ýitip giden Sak-Balam şäheri bolup biljekdigine degişli täze subutnamalary hödürledi. Bu ýeriň ispan basybalyjygyndan soňra garşylyk görkezilen......

15.05.2026 11:33
3.3k+

Norwegiýanyň gündogaryndaky bir meýdanda 3000-den gowrak wikingler döwrüne degişli kümüş teňňe tapyldy

Gündogar Norwegiýada geçen aý ýurduň wikingler döwrüne degişli kümüş teňňeleriniň iň uly hazynasy tapyldy — aýyň ahyryna çenli arheologlar XI asyra degişli 3000-den gowrak nusgany tapdylar....