Marokkoda dinozawrlar eýýamynyň "janly tanky" tapyldy: olaryň güýçli sowudy bolupdyr

  • 09.09.2025 16:11
  • 9.2k+

Marokkoda paleontologlar özboluşly gorag uýgunlaşmaly dinozawr bolan Spicomellus aferi ankilozawryny tapdylar. Alymlar bu üýtgeşik ýyrtyjynyň daşky keşbini döretdiler.

Nature žurnalynda çap edilen barlagda ankilozawrlaryň esasy goraglarynyň köpüsiniň ozal pikir edilişinden has ir peýda bolandygy ýüze çykaryldy.
Tapyndynyň esasy aýratynlygy sowudy bilen ýaragynyň utgaşmasydyr. Spicomellus-yň eýýäm dürre hökmünde ulanyp boljak daýaw guýrugy we buduny goran süňk galkany bolupdyr. Bu ankilozawrlaryň mezozoý döwrüniň "janly tanklary" hökmünde tanalmazyndan has öň gorag enjamlarynyň doly toplumynyň emele gelendigini görkezýär.
Sidi Mohammed Ben Abdella uniwersitetiniň professory Driss Uarhaş bu barlagyň Marokko ylmy üçin möhüm ädimdigini aýtdy.

"Biz ozal şeýle aýratynlyklary bolan dinozawrlary görmändik. Bu sebitiň henizem açylmadyk syrlary köp we öňde bize täze açyşlar garaşýar" -diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Tapyndy bilen işlemek ykjamlyk bilen guraldy: Spicomellus afer-iň süňkleri Fesdäki Dar El Mahraz ylymlar fakultetiniň barlaghanalarynda arassalandy we gaýtadan işlenildi. Galyndylar kataloglaşdyryldy we ylmy merkezde aýawly saklanýar.
Hünärmenler eýýäm dinozawra sowudynyň we süňkleriniň adaty bolmadyk utgaşmasy üçin "tikenekli goragçy" lakamyny berdiler.


19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......