Sisiliýanyň kenarlarynda Birinji Puni urşy döwrüniň gadymy rim tuwulgasy tapyldy

  • 14.09.2025 19:24
  • 2.8k+

Sisiliýanyň suwlarynda b.e.öň 241-nji ýylda Egad adalaryndaky söweş wagty ýitirilip bilnen gadymy rim bürünç tuwulgasy tapyldy diýip, Live Science habar berýär.

Tuwulgany we ýene 30 töweregi predmeti Suwa giden ýerleri resminamalaşdyrmak boýunça jemgyýetiň (Society for the Documentation of Submerged Sites, SDSS) daýwerleri tapdy. Ähtimal, artefaktlar gadymy rim gämisi ele salnanda bortdan gaçan bolmaly.
Tapylan tuwulga montefortino hökmünde belli bolan sowut modeline degişli. Rimliler bu stili keltlerden alypdyr. Şeýle görnüşli tuwulgalar b.e.öň IV asyrdan b.e. I asyryna çenli ulanylypdyr. Olaryň ýokarsynda ýelek dakar ýaly ýer, şeýle-de häzirkizaman kepkalaryna meňzeş gaş we ýaňak ýerinde gorag plastinalary bar.
B.e.öň 241-nji ýylyň 10-njy martynda Egad adalaryndaky söweşde Karfageniň (häzirki Tunisiň ýerindäki şäher döwleti) we Gadymy Rimiň goşunlary uruşýar. Gadymy grek taryhçysy Polibiý karfagen goşunynyň san taýdan agdyk gelendigini, ýöne rimlileriň has taýýarlykly bolandygyny belledi. Netijede, Karfagen Sisiliýadaky ýerleri elden gidirip, b.e.öň 264-nji ýyldan bäri dowam eden Birinji Puni urşunda ýeňildi. Bu söweş Rim respublikasy bilen ýaşaýjylary puniler diýlip atlandyrylan Karfageniň arasyndaky üç dawanyň ilkinjisi boldy. Garşydaşlar Korsika we Sisiliýa adalaryny ele almak ugrunda göreşdi.
Ikinji Puni urşy b.e.öň 218-nji ýyldan 201-nji ýyl, üçünjisi – b.e.öň 149-njy ýyldan 146-njy ýyl aralygynda boldy. Soňky dawanyň netijesinde Karfagen doly weýran boldy, onuň ilaty gul edildi, Rim bolsa Ortaýer deňziniň günbatar böleginde hökmürowanlyk gurdy.


13.06.2026 12:29
5.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

10.06.2026 08:53
3.6k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......