Serdar Berdimuhamedow Rimde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyşyna gatnaşdy

  • 26.10.2025 11:07
  • 7.5k+

Italiýa resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu sergi Türkmenistan bilen Italiýanyň arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda alyp baran köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir. 30 ýyldan gowrak wagt bäri Italiýanyň arheologlary türkmen kärdeşleri bilen bilelikde ýurdumyzyň çäginde gazuw-agtaryş işlerini geçirip gelýärler. Bu netijeli hyzmatdaşlyk gymmatly taryhy tapyndylary ýüze çykarmaga, öwrenmäge we olary halk köpçüligine tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. 

 

Sergi Rim şäherindäki Kapitoliý muzeýiniň Palazzo dei Conservatori zalynyň binasynda açyldy. Ekspozisiýa Margiana (b.e. ozal III–II müňýyllyklar) we gadymy Parfiýa döwürlerinden, şol sanda Nusaý arheologik toplumyndan (b.e. ozal II asyr – b.e. I asyry) tapylan arheologik gymmatlyklar girýär.
Myhmanlar Goňur-depedäki ýarym gymmat bahaly daşly altyn seplerini, hökümdarlary we esgerleri şekillendirýän çig daşdan ýasalýan kelle figuralaryny, şeýle hem ellinizm döwrüne degişli pil dişinden ýasalan ritonlary görüp bilerler.
Sergi 2026-njy ýylyň 12-nji apreline çenli dowam eder.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......