Taýwanda arheologlar şeker ulanylyp gurlan gadymy ýollary tapdylar

  • 10.11.2025 06:35
  • 3.9k+

Taýwanyň Tainan şäherinde arheologlar XIX asyryň birinji ýarymynda gurlan ýollaryň böleklerini tapdylar. Tapyndynyň aýratynlygy — ýol gurluşygynda adaty materiallaryň arasynda şekeriň ulanymagydyr diýip, Taipei Times neşiri ýazýar.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, ýollar Sin (Çin) neberesiniň adany dolandyran döwrüne (1644–1911) degişlidir. Esasy gurluşyk materialy çig kerpiç bolan, ýöne olaryň aralyklary gap-gaç jäçleri, çerepisalar we şekerçiňrik bilen doldurylypdyr.
Taryhçylaryň pikirine görä, bu görnüşli gurluşygyň sebäbi şol döwürde sebitde şeker önümçiliginiň gaty ýokary bolmagy bilen bagly. Hatda käbir gadymy ýazgylarda tomus paslynda ýollaryň üstünde şekeriň ysyň bark urandygy hem agzalypdyr.
Tutuş gurluşyk 1836-njy ýyllara, Daoguang imperatorynyň döwrüne degişli diýip çaklanýar. Tapylan bölekler täzeden abatlanandan soň, şäheriň taryhy medeni miras taslamasyna goşular.


04.06.2026 18:07
7.3k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

10.05.2026 10:31
6.1k+

Horwatiýada bazaryň aşagyndan el degrilmedik rim gubury tapyldy

Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we......