Çehiýada ýerde 30 müň ýyl ýatan awçy gurallarynyň toplumy tapyldy

  • 25.09.2025 19:07
  • 6.4k+

Günorta Morawiýada, Pawlow daglarynyň eteginde arheologlar üýtgeşik artefakty – grawett döwrüniň awçysynyň daş gurallarynyň toplumyny gazyp aldy. Tapyndy ýerde, takmynan, 30 müň ýyl ýatan diýip, Anthropology neşiri ýazýar.

Görnüşi ýaly, gurallar gowy gaplanyp, eýesi tarapyndan ýatdan çykarylan bolmaly.
Tapyndy orta-giçki grawett döwrüne degişli Milowise IV diýen ýerde ýüze çykaryldy. Bu ýerde gazuw agtaryş işleri 2009-njy ýyldan bäri alnyp barylýar. Toplum 29 predmetden ybarat: päkiler, peýkam, kepje we bölekler. Artefaktlaryň tertipli ýerleşmegi olaryň birwagtlar haltajyga ýa-da ýumşak materiala dolanandygyny görkezýär.
Arheologlar gurallaryň köpüsiniň demirgazykdan 130 km-den gowrak we günorta-gündogardan 100 km aralykdan getirilen daşlardan ýasalandygyny belleýär. Bu awçylaryň köp hereket edendigini ýa-da sosial gatnaşyklaryň işjeň bolandygyny görkezýär. Köp gurallar üýtgedilip, bejerilip gaýtadan ulanylypdyr. Bu hem daş gurallarynyň “bir gezeklikdigi” baradaky pikirleri ret edýär.
Gurallar toplumy ýokary paleolit adamynyň durmuşyna: onuň nädip awa taýýarlanandygyna, syýahat edendigine we öz gurallaryna ideg edendigine has gowy düşünmäge kömek edýär. 


13.06.2026 12:29
5.6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......