Arheologlar: Gadymy adamlar Afrikadan Ýewropa häzirki Türkiýäniň üsti bilen baran bolup biler

  • 24.09.2025 11:14
  • 5.3k+

Arheologlaryň çaklamalaryna görä, gadymy adamlar Afrikadan Ýewropa häzirki Türkiýäniň çäginden geçip baran bolup bilerler. Bu barada Aýwalygyň (Türkiýede kenarýaka şäher) kenarynda tapylan 138 sany daş gurallary maglumat berýär. Barlagyň netijeleri Journal of Island and Coastal Archaeology žurnalynda çap edildi, esasy netijeler bolsa Popular Science tarapyndan ýetirildi.

Uzak wagtlap ilkinji Homo sapiens-leriň Ýakyn Gündogaryň üsti bilen Balkanlara geçendigi çaklanýardy. Emma türk alymlarynyň tapyndylary başga bir ýoluň hem bolandygyny görkezýär — buzlaşma döwründe Türkiýe bilen Ýewropany birleşdiren “gury ýer köprüsi” hem bolupdyr.
Häzirki wagtda Aýwalygyň Egeý kenary adalardan we ýarymadalardan emele gelýär. Emma pleýstosen döwründe deňiz derejesi takmynan 100 metr pesräk bolup, Anatoliýa bilen günorta-gündogar Ýewropany birleşdirýän gury ýer bölegi döreýärdi.
Tapylan artefaktlaryň arasynda el paltalary, teslalar we beýleki daş gurallary bar. Şeýle tehnologiýalardan neandertallar hem-de irki Homo sapiens-ler peýdalanypdyr.


düýn 16:45
2.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

düýn 16:26
2.8k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.6k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
944

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......