Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda b.e. öňki V–III asyrlara degişli ýüzlerçe gadymy mazar tapyldy

  • 17.11.2025 12:56
  • 5.7k+

Hytaýly arheologlar Şensi welaýatynyň Sian şäherinde 566 sany gadymy mazary tapdylar. Olaryň aglabasy Söweşýän Şalyklar döwrüne — biziň eýýamymyzdan öňki V–III asyrlara, entek Hytaýyň imperator Sin Şihuandiniň hökümdarlygynyň astynda birleşmezden ozalky döwre degişlidir.

Şensi arheologiýa akademiýasynyň habaryna görä, alymlar şol döwrüň mazarlarynyň şeýle jemlenmesine ilkinji gezek duş gelipdir. Gazuw-agtaryş işleri 2025-nji ýylyň maý aýyndan oktýabr aýyna çenli dowam edip, 1100-den gowrak artefakt, esasanam keramiki gap-gaçlar we palçykdan ýasalan heýkeller tapyldy.
Alymlar tapylan mazarlaryň umumy sanyndan 309-synyň Söweşýän Şalyklar döwrüne, 214-siniň bolsa Tan döwrüne (618–907) degişlidigini anyklaýarlar. Şeýle-de, Han (b.e. öňki 206-njy ýyl – b.e. 220-nji ýyly), Suý (581–618-nji ýyllar), Sun (960–1279) we Sin (1644–1911) döwrüniň mazarlary hem tapyldy.
Arheologlar dürli döwürleriň mazarlarynyň dizaýn taýdan tapawutlanýandyklaryny belleýärler: bakýan ugurlary, ululyklary we içine goýlan zatlary dürli-dürli. Bu tapawutlar barlagçylara Hytaýyň merhumy jaýlaýyş däp-dessurlarynyň iki müňýyllygyň dowamynda nähili üýtgändigini anyklamaga kömek edýär.


şu gün 11:37
1.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

düýn 18:42
4k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

düýn 11:11
2.5k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......