Polşadaky “Takyr Dagynda” kelleçanak kesmek üçin ulanylan gadymy kelt guraly tapyldy

  • 31.10.2025 12:44
  • 6.7k+

Polşaly arheologlar kelleçanagyň töweregini kesip ýa-da deşip bejermekde ulanylýan seýrek duş gelýän kelt guralyny tapdylar. Tapyndy b.e. öňki IV–III asyrlara degişli. Bu bolsa Merkezi Ýewropada ýaşan keltleriň lukmançylyk endiklerine eýe bolandygyny görkezýär diýip, Nauka w Polsce neşiri habar berýär.

Artefakt Mazowşeniň çägindäki “Takyr Dagy” arheologik meýdançasynda tapyldy. Gazuw-agtaryş işleri Warşawanyň Döwlet arheologiýa muzeýinden Bartłomeý Kaçinskiniň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan Warşawa uniwersitetiniň arheologiýa fakulteti bilen bilelikde geçirildi. Ilkibaşda guralyň näme üçin ulanylýandygy belli bolman galdy, ýöne ýöriteleşdirilen ylmy çeşmeleriň seljerilmeginden soň, oňa kelleçanak kesmekde ulanylýan skalpel diýip baha berildi.
Kaçinskiý şeýle gurallaryň öň Rumyniýada, Horwatiýada we Awstriýada hem tapylandygyny, ýöne olaryň örän seýrek duş gelýändigini belledi. Alymlar Mazowşeden geçen kelt toparlarynyň özleri bilen amaly ýa-da däp-dessur maksatly bejeriş işleri bilen meşgullanýan lukman ýa-da druid alyp baran bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.
Mundan başga-da, gazuw-agtaryş dowam eden ýerde demir senetçiligine degişli yzlar hem tapyldy: şlak bölekleri we gurallary bejermek üçin niýetlenen kiçijik sandalyk. Bu tapyndylar şol wagtky kelt jemgyýetiniň senetçilikde hem, bejeriş tejribesinde hem ösen bolandygyny görkezýär.
Bu arheologik ýadygärlikde gözleg işleri 1970–1980-nji ýyllarda hem alnyp barlypdy. 2024-nji ýyldan bolsa gazuwlara täzeden başlandy. Maksat — bu ýeri syýahatçylara açyk bolan bilim ýodasyna öwürmek.


04.06.2026 18:07
7.3k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

10.05.2026 10:31
6.1k+

Horwatiýada bazaryň aşagyndan el degrilmedik rim gubury tapyldy

Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we......