Fransiýada gadymy zergärçilik ussahanasy tapyldy: “zergärler” balykgulak bilen işläpdirler

  • 26.09.2025 20:30
  • 3.6k+

Fransiýada arheologlar, tötänlikde, balykgulakdan bezeg öndürýän iň gadymy ussahanany tapdylar. Onuň ýaşy 42 müň ýyl diýlip hasaplanylýar. Bu tapyndy La-Roş-a-Pierro atlandyrylýan paleolit ýadygärliginden, Sen-Sezer (Ýokary Şaranta) ýerinden tapyldy. Bu barada hünärmenler Proceedings of the National Academy of Sciences žurnalynda çap edilen makalada habar berýärler.

Alymlar bu ussahanany şatelperon medeniýetine, ýagny Ýewropada soňky neandertallaryň ýaşan we Homo sapiens-leriň peýda bolan döwrüne  degişli diýip hasaplaýarlar. Kimleriň bu zynjyrly bezegleri öndürendigi belli däl.
Gazuw agtaryş işleri geçirilende, arheologlar deşikli we boýalan balykgulaklary, şeýle hem pigmentleri tapdylar. Olaryň käbiri ulanylmandyk, bu bolsa doly derejeli ussahananyň bolandygyny subut edýär.
Çig mallar uzak ýerlerden getirilipdir: balykgulaklar Atlantik deňzinden 100 km uzaklykdan, pigmentler bolsa 40 km-den getirilipdir. Bu söwda gatnaşyklaryndan we adamlaryň uzak aralyklary geçmek ukybynyň bolandygyny äşgär edýär.
Şeýle-de şol ýerden neandertallaryň esbaplary  we haýwanlaryň galyndylary tapyldy. Bularyň ählisi  şol döwrüň durmuşynyň köpdürli we çylşyrymly bolandygyny görkezýär.
Bilermenleriň pikirine görä, bu tapyndy, simwolik hereketleriň artýandygyny görkezýär: adamlar özlerini bezäp başlapdyrlar, sosial rollaryň we  aýry-aýry toparlaryň bolandygyny görkezýär. Bu  ilkinji Homo sapiens-leriň bu sebitde 42 müň ýyl ozal bolandyklaryny tassyklaýar.


31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

11.05.2026 18:16
5k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

24.04.2026 21:42
14k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

26.03.2026 17:52
2.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Pariždäki çärelerine gatnaşdy

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Parižde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Bilimiň ösüşine gözegçilik boýunça Ählumumy hasabatyň (GEM Report 2026)......