«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

  • 24.04.2026 21:42
  • 14k+

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr mekdebiniň okuwçylary bilen bolan duşuşygynda gürrüň berdi.

​«Ilki men beýleki prezidentlere maslahat berip, ministr bolup işledim, soňra bolsa partiýa döretmek arkaly ýagdaýy has çalt we düýpli üýtgedip biljekdigimizi pikir etdim» diýip, Fransiýanyň lideri düşündirdi.

​Onuň sözlerine görä, prezidentlik wezipesi onuň üçin karýera ädimi däl-de, ynanýan pikirlerini durmuşa geçirmek we gymmatlyklar ugrundaky göreş tapgyry bolupdyr.

​«Men oňa çenli hem syýasat bilen meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn» diýip, Makron belledi we munuň özi üçin, ilki bilen, jogapkärçilik we işe bolan höwesdigini düşündirdi.

Fransuz neşirleri bu sözleri Makronyň uly syýasatdan gidýändigi baradaky resmi bildiriş hökmünde kabul etdiler.

​Fransiýanyň konstitusiýasyna laýyklykda, 2017-nji ýyldan bäri prezident wezipesini eýeläp gelýän Emmanuel Makron yzly-yzyna üçünji möhlete dalaş edip bilmeýär. Ýurtda indiki prezident saýlawlarynyň ilkinji tapgyry 2027-nji ýylyň aprel aýyna meýilleşdirildi.

​Prezidentiň özi işiniň jemleýji döwrüniň içerki we daşarky krizisleriň täsirinde gazanylan reformalary gorap saklamak zerurlygy sebäpli kyn boljakdygyny boýun aldy.


31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

11.05.2026 18:16
5k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

26.03.2026 17:52
2.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Pariždäki çärelerine gatnaşdy

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Parižde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Bilimiň ösüşine gözegçilik boýunça Ählumumy hasabatyň (GEM Report 2026)......

14.01.2026 18:08
11k+

Fransiýada çaga dogluş derejesi Ikinji Jahan urşy döwründäki derejä düşdi

Fransiýanyň Milli Statistika we Ykdysady Barlaglar Institutynyň (INSEE) maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Fransiýada dogluş derejesi 1944-nji ýyldan bäri iň pes derejä ýetdi. Agentligiň maglumatlarynda 2025-nji ýylda ýurt boýunça 654,000 çaga doglandygy aýdylýar...