Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Pariždäki çärelerine gatnaşdy

  • 26.03.2026 17:52
  • 2.5k+

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Parižde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Bilimiň ösüşine gözegçilik boýunça Ählumumy hasabatyň (GEM Report 2026) tanyşdyrylyşy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşdy.

Forumyň çäklerinde ministr ýokary derejeli dialogda çykyş edip, ýurduň bilimi ösdürmekdäki çemeleşmeleri barada gürrüň berdi. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga, çagalaryň döredijilik we aň-bilim ukyplaryny ösdürmäge, şeýle hem mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär.

Şeýle-de, ol ÝUNISEF bilen bilelikdäki taslamalar, şol sanda 2026–2027-nji okuw ýylyndan başlap bäş ýaşly çagalar üçin ýarym günlük toparlary açmagy göz öňünde tutýan mekdebe taýýarlyk boýunça synag maksatnamasynyň ýola goýulmagy barada maglumat berdi. Inklýuziw bilimi ösdürmegiň, çagalaryň ösüş aýratynlyklaryny irki döwürde ýüze çykarmagyň hem-de bilim edaralarynyň, maşgalanyň we döwlet düzümleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary berkitmegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň ÝUNESKO-nyň Baş direktory Halid al-Anani bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapy bilim ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, UNITWIN maksatnamasyna gatnaşmak, halkara akademiki gatnaşyklary giňeltmek we bilim ulgamynyň institusional binýadyny berkitmek meselelerini belledi.

Şol gün ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň bilim meseleleri boýunça orunbasary Stefaniýa Jannini bilen hem duşuşyk geçirildi. Maslahatlaşmalarda bilimi sanlylaşdyrmak, ömürboýy okatmak ýörelgesini ösdürmek we döwrebap tehnologiýalary ulanmak meseleleri gozgaldy.

Mundan başga-da, Özbegistanyň mekdebe çenli we mekdep bilimi ministri Ezozhon Karimowa bilen duşuşyk boldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi, mugallymlary taýýarlamakda tejribe alyşmak, şeýle hem okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we halkara olimpiadalaryna gatnaşmak ýaly meselelere garady.


şu gün 13:30
2.5k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 18:16
5k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....