Ierusalimde ilkinji gezek assiriýa ýazgysy tapyldy

  • 29.10.2025 13:04
  • 5k+

Ierusalimde gazuw işlerini alyp barýan arheologlar möhüm tapyndyny ýüze çykardylar: olar, takmynan,  2700 ýyllyk kiçijik kerpiç bölegini – assiriýa klin ýazgysy bilen bezelen bölegi – tapdylar. Bu tapyndy gadymy şäheriň taryhynda ilkinji gezek şeýle ýazgyň ýüze çykarylandygyny görkezýär. Ýazgy akad dili bilen ýazylan bolup, Assiriýa patyşalygynyň köşgi bilen Ýahuda patyşalygynyň arasyndaky resmi hat alyşmalaryň seýrek subutnamasydyr. Ol ilkinji ybadathananyň döwründäki syýasy we diplomatik durmuşa täzeçe garamaga mümkinçilik berýär.

Tapyndy barada Ysraýylyň Gadymyýetler müdirligi (IAA) hem-de «Dawid şäheri» gazuw topary habar berdi. Olar bu bölegi b.e. öňki VIII–VII asyrlara degişli toprak gatlagyndan tapdylar. Ölçegi 2,5 sm bolan bu bölek, ähtimal, patyşanyň hatynyň möhüri ýa-da Assiriýadan Ierusalime iberilen ýüküň ýazgysy hökmünde ulanylypdyr. Gazuw işleriniň ýolbaşçysy doktor Aýala Zilberşteýn bu ýazgyny Ierusalimde ilkinji assiriýa ýazgysy diýip atlandyrdy. Onuň sözlerine görä, bu tapyndy Assiriýa imperiýasy bilen Ýahuda patyşalygynyň resmi gatnaşyklarynyň bardygyny tassyklaýar we şol döwürde Assiriýanyň Ierusalime edýän täsirini hem-de onuň halkara syýasatyndaky ornuny has giňden düşündirýär.

Assiriýologlaryň barlaglarynyň görkezmegine görä, bu bölek patyşanyň resmi hatlaryna basylýan «bulla» diýilýän palçyk möhüriň bir bölegi ekeni. Tekstde «arabalaryň ýolbaşçysy» diýen ýokary wezipeli assiriýa wekiliniň ady hem-de aýyň birinji güni bolan Aw aýy agzalýar. Şol gün salgytlaryň tölenmeli ýa-da administratiw meseleleriň çözülmeli möhleti hökmünde ulanylypdyr.
Himiki we petrografik barlaglaryň netijesine görä, bu bölek Ýahudada däl-de, Tigriň basseýnindäki ýerlerden, ýagny Ninwe, Aşşur ýa-da Nimrud şäherleriniň golaýyndaky ýerlerden gelen palçykdan ýasalan. Bu bolsa möhüriň Assiriýada döredilip Ierusalime getirilendigini görkezýär we iki döwletiň arasyndaky dolandyryş gatnaşyklarynyň subutnamasydyr.
Ylym adamlary bu tapyndyny öwrülişikli diýip atlandyrýarlar: ol Ierusalimiň gadymy Gündogaryň geosyýasy ulgamynda işjeň orun eýeländigini we şeýle diplomatik hat alyşmalaryň şol döwrüň syýasatynda uly ähmiýete eýedigini görkezýär.


düýn 18:07
3.6k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

10.05.2026 10:31
6k+

Horwatiýada bazaryň aşagyndan el degrilmedik rim gubury tapyldy

Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we......