Gruziýada ösümlikleriň iýmitden başga maksatlar üçin ulanylyşynyň iň gadymy yzlary tapyldy

  • 13.09.2025 14:53
  • 1.5k+

Arheologlar Gruziýadaky gowakda ösümlikleriň iýmit üçin däl-de, boýag hökmünde ulanylandygynyň ilkinji göni subutnamalaryny tapdylar. Ýaşy 32000 - 34000 ýyl bolan daş üweýji gurallarda indigoferanyň yzlary tapyldy diýip, Arkeonews ýazýar.

Barlagçylar bu açyşy tassyklamak üçin häzirki zaman usullaryny: mikroskopiýany, kompýuter tomografiýasyny we Raman spektrometrini ulandylar. Bu tehnologiýalar gök reňkiň häsiýetli öwüşginine jogapkär madda bolan indigotiniň ownuk gök bölejiklerini kesgitlemäge mümkinçilik berdi.
Paleolit döwründe ösümlikleriň ulanylyşy baradaky maglumatlar şu wagta çenli gaty çäklidi. Esasy üns has gowy saklanýan daş gurallaryna we haýwan süňklerine gönükdirilýärdi. Täze açyş şol döwrüň adamlarynyň ösümlikleri başga maksatlar üçin - boýaglar we belki-de bejeriş maksady üçin ulanandygyny görkezýär.
Arheologlar gowakdan tapylan alty sany daş guraly gözden geçirdiler. Olaryň bäşisinde iýlip könelmäniň we ösümlik tegmilleriniň alamatlary ýüze çykaryldy. Barlag synaglary bölejikleriň on müňlerçe ýyl ozal daşyň öýjüklerine girizilendigini tassyklady.
Alymlar Isatis tinctoria ösümliginiň ýapraklarynyň indigo almak üçin we belki-de, mikroblara garşy häsiýetleri üçin owradylan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Bu açyş paleolit döwrüniň adamlarynyň durmuşynyň has az öwrenilen taraplaryna göz aýlamaga seýrek mümkinçiligi berýär.


düýn 17:37
2k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
2k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
2k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......