Hytaýda takmynan 6 müň ýyl ozal ýaşalyp geçilen iň gadymy şäher harabaçylyklarynyň biri tapyldy

  • 30.09.2025 10:17
  • 8.9k+

Sýansu welaýatynyň Usi şäherinde arheologlar Hytaýda irki taryhdan öňki ilatly ýerleriň biri bolan Maszýaban medeni harabaçylygyny tapdylar. Bu açyşyň ýaşy takmynan 6000 ýyl töweregidir diýip çak edilýär. Bu Ýanszy derýasynyň aşaky akymynda Maszýaban medeniýetine degişli şäher harabaçylygynyň ilkinji gezek ýüze çykarylyşydyr.

Hünärmenler bu şäherçäniň Hytaý siwilizasiýasynyň gelip çykyşyny öwrenmek üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Demirgazyk-günbatar böleginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde içki we daşarky diwarlar, şeýle hem üç garym ýüze çykaryldy. Demirgazyk, gündogar we günorta ganawlarda-da diwarlar we garymlar görünýär. Şäherçäniň ýerleşişi tegelek inedördül meýdana meňzeýär, içki diwarlary we daş-töweregindaki çukur doly ýapyk toplumy döredýär.
Şäherçe günbatar we gündogar taraplarynda diwarlar bilen Taşan depesine direlip  gurlupdyr. Diwarlaryň aglaba ýeri sary toprakdan galdyrylan, käbir bölekleri uly daşlar bilen berkidilipdir. Gyzyl toprak garylyp ýasalan keramika, esasanam gazanlar, gap-gaçlar we jamlar - Maszýaban medeniýetine mahsus artefaktlar  tapyldy.
Çukurlardan tapylan agaç kömür we ösümlik tohumlary, radiouglerod seljermesine laýyklykda, takmynan 6000 ýyl ozalky döwre degişlidir.
Mundan başga-da, arheologlar Sunsze medeniýetinden galan ýadygärlikleri tapdylar, olaryň içinde jaýlanyş predmetli: pyçaklar we monjuklar, daş paltalar, keramiki gazanlar, jamlar we uly küýzeler bolan 140-dan gowrak mazar bar.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

04.06.2026 18:07
7.4k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....