Argentinada öň belli bolmadyk ýyrtyjy megaraptoryň we onuň pidasynyň galyndylary tapyldy

  • 27.09.2025 19:28
  • 10k+

Argentinanyň günortasynda paleontologlar güýçli öňki elleri we uzyn dyrnaklary bolan öň näbelli ýyrtyjy dinozawryň galyndylaryny ýüze çykardylar. Bu tapyndy megaraptor nesliniň Günorta Amerikada uzak wagtlap ýaşandygyny tassyklaýar diýip, Nature Communications žurnalynda bellenýär.

Täze dinozawra Joaquinraptor casali ady berildi. Ol takmynan 66–70 mln ýyl mundan ozal, Krid döwrüniň ahyrynda ýaşapdyr. Uzynlygy 7 metrden geçip, beýikligi 3 metre golaý bolupdyr, agramy bolsa 1 tonna ýetipdir. Galyndylaryň arasynda onuň soňky ýesiriniň — heniz näbelli görnüşdäki gadymy krokodiliň galyndylary hem tapyldy.
Gazuw-agtaryş işleri argentinaly we amerikaly alymlar topary tarapyndan, Patagoniýanyň geologiýa we paleontologiýa institutynyň wekili Lusio Ibirigiň ýolbaşçylygynda geçirildi. Alymlar bu dinozawry iň giç döwrüň megaraptory hökmünde häsiýetlendirdiler.
Megaraptorlar beýleki iki aýakly ýyrtyjy teropodlardan tapawutlanýarlar, bu bolsa olaryň ewolýusiýa agajyndaky ornuna degişli jedelleri döredýär. Joaquinraptor casali-nyň galyndylary bolsa bu ýyrtyjylaryň Günorta Amerikanň günortasynda mezozoý döwrüniň soňuna çenli iýmit zynjyrynyň ýokarsynda galandygyny we beýleki ýyrtyjylar bilen bäsleşmek üçin aýratyn uýgunlaşmalara eýedigini görkezýär.


13.06.2026 12:29
5.6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

11.06.2026 14:01
8.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 11:13
9.2k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....