Rumyniýada dinozawr süňkleriniň uly üýşmegi tapyldy

  • 27.11.2025 11:28
  • 6k+

Paleontologlar Transilwaniýada ýerleşýän Haseg basseýninde (Rumyniýanyň demirgazyk-günbatar bölegi) ýaşy 72 million ýyllyk bolan dinozawrlaryň adaty däl baý mazarçylygyny tapdylar. Alymlar ululygy bäş inedördül metrden hem az meýdançada dinozawrlaryň 800-den gowrak süňküni, şol sanda birnäçe bölekleýin saklanyp galan skeletleri tapdylar.

PLOS ONE žurnalynda çap edilen barlagda aýdylmagyna görä, K2 kodly ady bolan meýdançada arheologlar şeýle-de amfibiýalaryň, pyşdyllaryň, krokodilleriň we süýdemdirijileriň galyndylaryna gabat geldiler.
Toparyň ýolbaşçysy Gabor Botfalwai: «2019-njy ýylda, Haseg basseýninde ilkinji gezek barlag işlerini geçirenimizde, K2 meýdançasyna gabat geldik. Bu möhüm pursatdy — derrew çaýyň hanasyndaky çal palçyk gatlaklarynda öwrülen, gaty gowy saklanyp galan onlap uly gara dinozawr süňklerini gördük» diýip gürrüň berdi.
Jynslaryň seljermesi 72 million ýyl mundan ozal tapyndynyň ýüze çykarylan ýerinde kiçeňräk subtropik kölüň bolandygyny we duýdansyz suw joşmalarynyň bu ýere yzygiderli ýagdaýda kenaryň ugrundaky delta gurşawyna ýygnanan haýwan läşlerini getirendigini görkezýär.

Makalanyň awtordaşy Soma Budaý belleýär: «Derýalaryň köle guýýan ýerinde akymyň bady haýallansoň, galyndylar ýygnanyp, bu ýerde aýratyn köp mukdarda süňk galypdyr».
Tapylan zatlaryň arasynda rabdodontidleriň we titanozawrlaryň bölekleýin skeletleri bar. Soňkylaryň tapylmagy aýratyn ähmiýetlidir: bu zauropodlaryň Transilwaniýada şeýle gowy saklanyp galan galyndylary ilkinji gezek tapylmagydyr.


07.06.2026 20:06
3.2k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.7k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

21.05.2026 20:16
3.3k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....