Uzynlygy 19 metre ýeten gadymy äpet osminoglaryň yzy tapyldy
100 million ýyl mundan ozal Ýeriň ummanlarynda uzynlygy 19 metre ýetip bilýän äpet osminoglar ýaşapdyr. Bu barada Science žurnalynda çap edilen barlag beýanynda aýdylýar....
100 million ýyl mundan ozal Ýeriň ummanlarynda uzynlygy 19 metre ýetip bilýän äpet osminoglar ýaşapdyr. Bu barada Science žurnalynda çap edilen barlag beýanynda aýdylýar....
Paleoantropologlar neandertal çagalarynyň irki ýaşlarda häzirki zaman çagalaryna garanyňda has çalt ösendiklerini anykladylar. Olar Ysraýyldaky Amud gowagynda tapylan çaga ystyhanyny gaýta öwrenenlerinden soň......
Hytaýda alymlar gadymy balyklar bilen baglanyşykly birwagtda iki sany açyş barada habar berdi: iň irki döwürlere degişli doly saklanyp galan süňkli balyklaryň biri tapyldy, şeýle hem şöhleýüzgüç balyklaryň......
Paleontologlar Günorta Koreýada tapylan kiçi dinozawryň täze görnüşini suratlandyrdylar. Doolysaurus huhmini diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 113–94 million ýyl mundan ozal, hek döwründe ýaşap......
Paleontologlar mundan 3 million ýyl ozal Gündogar Afrikada ýaşan we gadymy adamlary awlan bolmagy juda ähtimal äpet krokodiliň täze görnüşini anykladylar. Bu görnüşe «Lýusiniň awçysy» diýen manyny berýän Crocodylus lucivenator diýlip at berildi...
Biologlar mör-möjekleriň DNK-syny seljerip, çybynlaryň adamy çakmak arkaly iýmitlenip başlamagynyň takmynan 1,8 million ýyl mundan ozal Günorta-Gündogar Aziýada ýüze çykandygy baradaky netijä geldiler. Çybynlar adam üçin iň wehimli mör-möjekler hasaplanylýar...
Paleontologlar spinozawrlaryň öň çaklanylyşy ýaly, deňiz ýyrtyjylary däldigini anykladylar. Nigerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri bu meselä aýdyňlyk girizdi. 2019-njy ýylda barlagçylar ol ýerden äň böleklerini tapan bolsalar, soňky ekspedisiýada bolsa täze görnüşiň — Spinosaurus mirabilis-iň tas doly ystyhanyny ýüze çykardylar...
Kosta-Rikaly barlagçylar takmynan 40 000 ýyl ozal ýaşan mastodontyň we äpet ýaltajanyň galyndylaryny ýüze çykardylar. Ýerli häkimiýetiň wekilleri bu tapyndy ýurtda soňky onýyllyklaryň dowamynda ýüze çykarylan iň uly paleontologik tapyndydygyny mälim etdiler...
Arheologlar Taýwanda ýaşy 400–800 müň ýyl diýlip çaklanylýan äpet pitonyň oňurgasyny tapdy. Bu tapyndy şeýle ýylanlaryň bir wagtlar adada ýaşandygyny subut edýän ilkinji gazylyp tapylan subutnamadyr. Barlagyň netijeleri Historical Biology žurnalynda çap edildi...
Ispaniýanyň günortasynda arheologlar Gannibalyň goşunyna degişli söweşjeň piliň süňküni tapdylar. Bu tapyndy Ikinji Puni urşunda şol haýwanlaryň ulanylandygynyň ilkinji gönümel hem maddy subutnamasy boldy. Süňk, aslynda 2020-nji ýylda gadymky Kordobadaky Kolina-de-los-Kemados şäherçesindäki köne iberiýa obasynyň ýykyk diwarynyň aşagyndan tapylypdy...
Netflix Stiwen Spilbergiň prodýuserligindäki «Dinozawrlar» («Динозавры») dokumental serialynyň ilkinji kadrlaryny we treýlerini görkezdi. Filmi meşhur aktýor Morgan Frimen seslendiripdir. Platformanyň beýanatynda aýdylyşy ýaly, «Dinozawrlar» tomaşaçylara «dünýäniň ýitirim bolan eýýamyna syýahaty» hödürleýär...
Ýura döwrüniň ahyrlaryndaky ekoulgamda ýyrtyjy dinozawrlaryň esasy awy uly göwreli äpet jandarlar däl-de, eýsem zawropodlaryň çagalary bolupdyr. Londonyň uniwersitet kollejiniň alymlarynyň geçiren täze barlaglary şeýle netijä gelmäge esas döretdi...
Ispaniýanyň demirgazygynda paleontologlar dinozawryň täze görnüşini — irki hek döwrüniň iň kiçi ornitopodlarynyň biri bolan Foskeia pelendonum diýlip atlandyrylan görnüşi ýüze çykardy. Bu jandaryň boýy ýarym metrden geçmeýär, emma onuň kelleçanagynyň gurluşy örän çylşyrymly we ewolýusion taýdan ösen bolup çykdy...
Halkara paleontologlar topary häzirki zaman iri göwrümli guşuň ölçeginden uly bolmadyk dinozawryň täze görnüşiniň üstünden bardylar. Dinozawryň kellesindäki süňk ösüntgisi, onuň dürli häsiýetli çaknyşyklary süsüşmek arkaly çözen bolmagy ahmal diýen çaklamany döredýär...
Italiýanyň milli seýilgähinde bäş kilometrlik ýerde 20 müň töweregi dinozawr yzy tapyldy. Ozal bu ýerde şeýle tapyndy bolmandy diýip, NBC News ýazýar. Bu ýeri tötänleýin ýabany tebigaty düşürýän fotosuratçy Della Ferrera tapdy...
Paleontologlar köne kolleksiýalaryň arasyndaky muzeý witrinasynda dinozawryň täze görnüşini tapdylar. Bu, alymlaryň 1916-njy ýylda tapylan ördek burunly gadrozawridanyň nusgasyny täzeden öwrenenlerinden soň ýüze çykdy...
Paleontologlar Transilwaniýada ýerleşýän Haseg basseýninde (Rumyniýanyň demirgazyk-günbatar bölegi) ýaşy 72 million ýyllyk bolan dinozawrlaryň adaty däl baý mazarçylygyny tapdylar. Alymlar ululygy bäş inedördül metrden hem az meýdançada dinozawrlaryň 800-den gowrak süňküni, şol sanda birnäçe bölekleýin saklanyp galan skeletleri tapdylar...