Ilkinji subutnama! Ispaniýada Gannibalyň goşunyna degişli söweşjeň piliň süňki tapyldy

  • 08.02.2026 19:39
  • 6.5k+

Ispaniýanyň günortasynda arheologlar Gannibalyň goşunyna degişli söweşjeň piliň süňküni tapdylar. Bu tapyndy Ikinji Puni urşunda şol haýwanlaryň ulanylandygynyň ilkinji gönümel hem maddy subutnamasy boldy.
Süňk, aslynda 2020-nji ýylda gadymky Kordobadaky Kolina-de-los-Kemados şäherçesindäki köne iberiýa obasynyň ýykyk diwarynyň aşagyndan tapylypdy. Şol gatlakda süňk bilen bile daşdan ýasalan 12 sany gülle we teňňelerem tapyldy. Hut şular hem bu ýerde Ikinji Puni urşuna degişli harby çaknyşygyň bolup geçendigini görkezýär.
Journal of Archaeological Science: Reports žurnalynda neşir edilen barlag bu tapyndynyň uly piliň sag öň aýagyndaky baldyr süňküdigini anyklady. Radiouglerod seljermesi süňküň ýaşynyň biziň eýýamymyzdan oňki IV we III asyrlaryň arasyna degişlidigini görkezdi. Bu bolsa Gannibalyň uruşlarynyň hronologiýasyna doly laýyk gelýär.
Taksonomik seljerme piliň Afrika tokaý pili bolmak ähtimallygyny öňe sürýär. Ol piller  sawanna we Aziýa pillerinden has kiçi bolupdyrlar. Tapyndynyň ýüze çykan ýagdaýy haýwanyň ol ýerde olja ýa-da çig mal hökmünde däl-de, hut söweşleriň dowamynda wepat bolandygyny çaklamaga esas berýär.
Bu açyş, Ikinji Puni urşy döwri Pireneý ýarymadasynda, mümkingadar Karfageniň goşunynyň düzüminde söweşjeň pilleriň bolandygynyň ilkinji anatomik subutnamasydyr.


25.05.2026 20:57
4.1k+

Kanadada 567 million ýyllyk gadymy jandarlaryň yzlary tapyldy

Paleontologlar Kanadanyň Makkenzi daglarynda ýaşy, takmynan, 567 million ýyla barabar bolan gadymy deňiz organizmleriniň daşa öwrülen galyndylaryny tapdy. Ylmy barlagyň netijeleri «Science Advances» žurnalynda......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

21.05.2026 16:24
3k+

Colossal Biosciences-yň alymlary ägirt uly moa guşuny «direltmäge» golaýlaşdy

Colossal Biosciences biotehnologiýa kompaniýasy ýok bolup giden haýwan görnüşlerini dikeltmek ugrunda uly öňegidişlik gazanandygyny yglan etdi. «The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, alymlar emeli......

21.05.2026 09:42
3k+

Ispaniýada 150 mln ýyllyk gaty gowy saklanan stegozawryň kelleçanagy tapyldy

Ispaniýaly paleontologlar Teruel welaýatynda takmynan 150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen stegozawryň tas bütinleý saklanyp galan kelleçenegini tapdylar. Alymlar bu tapyndyny Ýewropada şu wagta çenli......