Ispaniýada 150 mln ýyllyk gaty gowy saklanan stegozawryň kelleçanagy tapyldy

  • 21.05.2026 09:42
  • 3.1k+

Ispaniýaly paleontologlar Teruel welaýatynda takmynan 150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen stegozawryň tas bütinleý saklanyp galan kelleçenegini tapdylar. Alymlar bu tapyndyny Ýewropada şu wagta çenli tapylan iň oňat saklanan stegozawr kelleçenegi diýip atlandyrdylar.

Gözlegiň netijeleri «Vertebrate Zoology» žurnalynda çap edildi.

Daşa öwrülen bu galyndy ýura döwrüniň ahyrynda ýaşap geçen, galyň süňkli plastinalary we tikenleri bolan uly ösümlik iýýän dinozawrlaryň «Dacentrurus armatus» görnüşine degişlidir.

Gözlegçileriň aýtmagyna görä, dinozawrlaryň kelleçeneginiň gowy ýagdaýda saklanyp galmagyna gaty seýrek duş gelinýär, sebäbi olaryň näzik süňkleri adatça ýer gaty we dag jynslarynyň basyşy astynda dargap gidýär. Bu tapyndynyň saýasynda alymlar stegozawrlaryň kellesiniň gurluşyny jikme-jik öwrenmäge we olaryň ewolýusiýasy baradaky maglumatlary takyklaşdyrmaga mümkinçilik gazandylar.

Täze tapylan maglumatlaryň esasynda gözlegçiler şeýle hem «Neostegosauria» atly aýratyn topary tapawutlandyrdylar. Bu topara ýura we irki hek döwürlerinde häzirki Ýewropanyň, Aziýanyň, Afrikanyň we Demirgazyk Amerikanyň çäklerinde ýaşap geçen orta we uly göwreli stegozawrlar girizildi.

Teruelde gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. Paleontologlar kelleçenekden başga-da, uly dinozawryň skelet böleklerini we kiçi stegozawr jüýjeleriniň seýrek duş gelýän süňklerini hem tapmagy başardylar.


şu gün 10:51
511

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
3.8k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....