Kanadada 567 million ýyllyk gadymy jandarlaryň yzlary tapyldy

  • 25.05.2026 20:57
  • 4.2k+

Paleontologlar Kanadanyň Makkenzi daglarynda ýaşy, takmynan, 567 million ýyla barabar bolan gadymy deňiz organizmleriniň daşa öwrülen galyndylaryny tapdy. Ylmy barlagyň netijeleri «Science Advances» žurnalynda çap edildi.

Alymlar Ediakar döwrüniň, ýagny Ýeriň taryhynda ilkinji iri köpöýjükli organizmleriň peýda bolan döwri bolup, 635-den 538 million ýyla çenli dowam eden tapgyryň tapyndylaryny öwrendi.

Kanadada tapylan daşa öwrülen galyndylar Russiýadaky we Awstraliýadaky tapyndylar bilen mälim bolan Ak deňiz faunasynyň wekillerine meňzeş bolup çykdy. Şeýle-de bolsa, Kanadada tapylan nusgalaryň ýaşy has uly bolup, mundan ozal öwrenilen organizmleriň 560–550 million ýyllyk ýaşyna garanyňda, bular 567–566 million ýyla barabardyr.

Şeýle hem gözlegçiler bu gadymy jandarlaryň mundan ozal şeýle ekoulgamlar üçin çaklanylyşy ýaly ýalpak suwlarda däl-de, eýsem has çuň suwlarda ýaşandyklary baradaky netijä geldi.

Ylmy işiň awtorlarynyň aýtmagyna görä, bu ýagdaý irki ekoulgamlaryň has giň çäklere ýaýrandygyny we olaryň dürli gurşaw şertlerine uýgunlaşmaga ukyply bolandygyny görkezýär. Alymlar ilkinji çylşyrymly janly-jandar jemgyýetleriniň şertleriň has durnukly bolan çuň suwlarynda ýüze çykandygyny, şondan soň kem-kemden kenarýaka sebitlerine ýaýrandygyny çaklaýar.

Alymlar täze maglumatlaryň haýwanat dünýäsiniň ewolýusiýasynyň, ýagny ösüş tapgyrlarynyň arasynda birden böküş bolman, yzygiderli häsiýete eýe bolandygyny subut edýändigini belleýär.


13.06.2026 16:56
1.9k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.8k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....