Colossal Biosciences-yň alymlary ägirt uly moa guşuny «direltmäge» golaýlaşdy

  • 21.05.2026 16:24
  • 3k+

Colossal Biosciences biotehnologiýa kompaniýasy ýok bolup giden haýwan görnüşlerini dikeltmek ugrunda uly öňegidişlik gazanandygyny yglan etdi. «The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, alymlar emeli ýumurtgalary döretdi we olardan sagdyn jüýjeler üstünlikli çykdy.

Bu taslamany taýýarlamak, takmynan, iki ýyl wagt aldy we kompaniýanyň tassyklamagyna görä, geljekde täze tehnologiýa Täze Zelandiýada ýaşap, takmynan, 600 ýyl ozal ýok bolup giden ägirt uly moa guşuny gaýtadan «direltmäge» kömek eder.

Moa guşunyň boýy üç metrden, agramy bolsa 200 kilogramdan geçipdir we olaryň ýumurtgalary adaty towuk ýumurtgasyndan, takmynan, 80 esse uly bolupdyr. Kompaniýanyň baş biology, professor Endrýu Paskyň sözlerine görä, olaryň silikon membrananyň esasynda döreden emeli inkubasiýa ulgamy biologik taýdan doly takykdyr we islendik ölçege görä ulaldylyp bilinýär.

Muňa garamazdan, alymlar uly kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar: geçen asyrlaryň dowamynda moa guşunyň DNK bölekleri güýçli dargapdyr, bu bolsa doly genomy gaýtadan dikeltmegi iş ýüzünde mümkin däl diýen ýaly edýär.

Ylmy jemgyýetçilikde bu täze açyş dürli jedelleri döredýär. Ewolýusion genetik Luiza Jonson jikme-jik maglumatlary bolan we hünärmenler tarapyndan syn berlen resmi ylmy neşir bolmazdan, şeýle tassyklamalary ylmy taýdan esaslandyrylan diýip hasaplap bolmajakdygyny belledi. Öz gezeginde, Barselonanyň Tebigy ylymlar muzeýiniň direktory Karles Laluesa-Foks taslamanyň ekologik ähmiýetine şübheli garap, kompaniýanyň işinde «ylmy açyşlar bilen mahabatyň geň galdyryjy garyndysynyň» bardygyny nygtady.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
3.9k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.6k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....