Alymlar dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny 10 mln ýyl öňe süýşürdi

  • 10.05.2026 14:09
  • 1.6k+

ABŞ-dan paleontologlar dinozawrlaryň Ýer ýüzünde öňki çaklanylandan 10 million ýyl ir peýda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky netijä geldi. Geçirilen barlaglara görä, olaryň gelip çykyşy 250–240 million ýyl mundan ozalky döwre degişlidir.

Alymlar dinozawrlaryň üç sany esasy ugruna — teropodlara, zawropodomorflara we ornitishiýalara degişli bolan dokuz sany morfologik maglumatlar toplumyny öwrendi. Ylmy iş anatomik aýratynlyklaryň, toparlaryň arasyndaky tapawutlaryň we olaryň gazylyp alnan galyndylaryň ýaşy bilen ewolýusion baglanyşyklarynyň seljermesini öz içine aldy.

Işiň awtorlary dinozawrlaryň irki taryhynyň öňki çaklanylandan başgaça ýaýbaňlanandygy baradaky netijä geldi. Alymlaryň pikiriçe, umumy ata-baba ugry peýda bolandan soň, esasy toparlaryň çalt görnüşlere bölünmegi (diwersifikasiýasy) başlanypdyr.

Alymlar bu prosesi «ewolýusion radiasiýa» — ýagny bir ugruň içinde görnüşleriň dürlüliginiň birden artýan döwri hökmünde häsiýetlendirdi. Olaryň pikiriçe, şeýle üýtgeşmeler täze ösüş basgançaklaryna getiren köpçülikleýin gyrylmalar bilen baglanyşykly bolup biler.

Barlagçylar trias döwrüniň ahyrynyň dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny däl-de, eýsem olaryň işjeň ýaýran we esasy ugurlaryň biri-birinden bölnen döwrüni aňladýandygyny belleýär.


düýn 17:37
2k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
2k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
2k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......