Ýura döwrüniň ýyrtyjy dinozawrlary öz kowumdaşlarynyň çagalary bilen iýmitlenipdir diýlip çaklanylýar

  • 06.02.2026 17:19
  • 4.1k+

Ýura döwrüniň ahyrlaryndaky ekoulgamda ýyrtyjy dinozawrlaryň esasy awy uly göwreli äpet jandarlar däl-de, eýsem zawropodlaryň çagalary bolupdyr. Londonyň uniwersitet kollejiniň alymlarynyň geçiren täze barlaglary şeýle netijä gelmäge esas döretdi.
Zawropodlar — uly ýaşynda äpet ölçeglere ýetýän, uzyn boýunly iri ot iýiji dinozawrlardyr. Emma doglanlarynda örän kiçi ýumurtgadan çykýandyklary sebäpli, olaryň çagalary uzak wagtlap ejizje hem-de goragsyz bolupdyr. Alymlaryň bellemegine görä,  şeýle uly göwreli haýwanlar üçin ýumurtgalaryna ideg etmek kyn bolan bolmaly. Üstesine alnan maglumatlar hem, edil häzirki zaman deňiz pyşbagalarynda bolşy ýaly, olarda ata-enelik aladasynyň bolmandygyny görkezýär.
Barlagçylar dinozawrlaryň beden ölçeglerine, dişleriniň we süňkleriniň izotop düzümine we gatap daşa dönen aşgazanyndan tapylan seýrek tapyndylara esaslanyp, giçki ýura döwrüniň iýmit zynjyryny dikeltdiler. Seljerme üçin häzirki zaman ekoulgamlary öwrenilende ulanylýan nusgalar peýdalanyldy.
ABŞ-daky Morrison formasiýasy we Koloradodaky «Dry Mesa Dinosaur Quarry» tapyndylar künjegi maglumatlaryň esasy çeşmesi boldy. Seljerme ýaş zawropodlaryň dürli ýyrtyjylar üçin yzygiderli aw bolandygyny we edil şonuň ýaly, Allosaurus ýaly ýyrtyjylaryň iýmitiniň  hem esasy bölegini düzendigini görkezdi.
Alymlaryň pikiriçe, aňsat tapylýan awuň köp bolmagy ýura döwrüniň ýyrtyjylaryna çylşyrymly awçylyk ukyplary bolmazdan hem oňňut etmäge mümkinçilik beripdir. Zawropodlaryň sany azalandan soň, ewolýusiýa gysyşy güýçlenipdir. Bu bolsa has giçki döwürleriň ýyrtyjylarynda dişleýiş ukybynyň güýçlenmegine, görüş ukybynyň ösmegine we howply awlary awlamaga bolan ukyplaryň ýüze çykmagyna getiripdir.


04.06.2026 18:07
7.1k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

21.05.2026 09:42
3.1k+

Ispaniýada 150 mln ýyllyk gaty gowy saklanan stegozawryň kelleçanagy tapyldy

Ispaniýaly paleontologlar Teruel welaýatynda takmynan 150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen stegozawryň tas bütinleý saklanyp galan kelleçenegini tapdylar. Alymlar bu tapyndyny Ýewropada şu wagta çenli......

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......