Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

  • 07.05.2026 14:36
  • 3.6k+

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly ösümlik iýýän dinozawrlaryň irki ewolýusiýasyny has gowy öwrenmekde bar bolan boşlugy doldurmaga mümkinçilik berýär.

Galyndylar Ýunnan welaýatynyň Fenszýahe geologik gatlagyndan tapyldy. Alymlar boýun oňurgalarynyň, çanaklygyň we but süňkleriniň böleklerine esaslanyp, bu görnüşe häsiýetnama berdi. Haýwanyň uzynlygy 9–10 metre ýetipdir, bu bolsa ony sebitde tapylan irki ýura döwrüniň ösümlik bilen iýmitlenýän iň uly dinozawrlarynyň birine öwürýär.

Görnüşiň ady Sýanýun uýezdine we hytaý dilindäki «loong» («aždarha») sözüne esaslanýar, «fengming» («feniksiň saýramagy») diýen goşmaça ady bolsa medeni baglanyşygy hem-de guşlaryň dinozawrlaryň göni neslidigini ýatladýar.

Gurluşy boýunça Xiangyunloong fengming öz «kowumlaryndan» ep-esli tapawutlanýar — onuň has uly göwresi, deňeşdirende gysga boýny we uzyn guýrugy bar. Bu aýratynlyklar gigantizmiň irki tapgyryndan habar berýär we haýwanyň iki aýakda ýörän bolmagynyň mümkindigini görkezýär. Bu ýagdaý şol toparyň soňky wekilleri üçin seýrek duş gelýän häsiýetdir.

Alymlaryň pikiriçe, tapylan görnüş boýnuň kem-kemden uzalmak hadysasy bolmadyk başgaça ewolýusion ýoluň subutnamasy bolup çykyş edýär. Bu bolsa sawropodlaryň ata-babalarynyň arasynda görnüşleriň dürlüliginiň öň çaklanylandan has giň bolandygyny tassyklaýar.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....