Paleontologlar hindi towugynyň ululygyndaky, daşlary ýuwdup bilen dinozawryň täze görnüşini tapdylar

  • 31.03.2026 16:51
  • 3.7k+

Paleontologlar Günorta Koreýada tapylan kiçi dinozawryň täze görnüşini suratlandyrdylar. Doolysaurus huhmini diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 113–94 million ýyl mundan ozal, hek döwründe ýaşap geçipdir.

Galyndylar 2023-nji ýylda Aphe adasynda tapyldy. Alymlar kelleçanagyň böleklerini, oňurgalary, art aýak süňklerini we gastrolitleri - dinozawryň iýmitini siňdirmek üçin ýuwdan daşlaryny tapdylar.

Barlag mikrokompýuter tomografiýasy arkaly geçirildi, bu bolsa süňkleriň içki gurluşyny olara zyýan ýetirmezden barlamaga mümkinçilik berdi. Netijeler Fossil Record žurnalynda çap edildi.

Alymlar tapylan nusganyň iki ýaşynda bolandygyny çaklaýarlar. Ol takmynan hindi towugynyň ululygynda bolupdyr, ululary bolsa ondan iki esse uly bolup biler. Dinozawryň bedeniniň tüý bilen örtülen bolmagy mümkin diýlip çaklanylýar.

Bu açyş möhümdir, sebäbi Koreýada gowy saklanyp galan dinozawr skeletleri seýrek duş gelýär. Bu ýurtda soňky 15 ýylyň içinde beýan edilen ilkinji täze görnüş we kelle bölekleri bilen tapylan ilkinji tapyndydyr.


10.05.2026 14:09
1.5k+

Alymlar dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny 10 mln ýyl öňe süýşürdi

ABŞ-dan paleontologlar dinozawrlaryň Ýer ýüzünde öňki çaklanylandan 10 million ýyl ir peýda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky netijä geldi. Geçirilen barlaglara görä, olaryň gelip çykyşy 250–240 million ýyl......

07.05.2026 14:36
3.4k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......

27.04.2026 11:29
3.9k+

Uzynlygy 19 metre ýeten gadymy äpet osminoglaryň yzy tapyldy

100 million ýyl mundan ozal Ýeriň ummanlarynda uzynlygy 19 metre ýetip bilýän äpet osminoglar ýaşapdyr. Bu barada Science žurnalynda çap edilen barlag beýanynda aýdylýar....

19.04.2026 23:37
4.9k+

Neandertallaryň çagalary häzirki zaman çagalardan tiz ýetişipdir

Paleoantropologlar neandertal çagalarynyň irki ýaşlarda häzirki zaman çagalaryna garanyňda has çalt ösendiklerini anykladylar. Olar Ysraýyldaky Amud gowagynda tapylan çaga ystyhanyny gaýta öwrenenlerinden soň......