Uzynlygy 19 metre ýeten gadymy äpet osminoglaryň yzy tapyldy

  • 27.04.2026 11:29
  • 3.9k+

100 million ýyl mundan ozal Ýeriň ummanlarynda uzynlygy 19 metre ýetip bilýän äpet osminoglar ýaşapdyr. Bu barada Science žurnalynda çap edilen barlag beýanynda aýdylýar.

​Hokkaýdo uniwersitetinden Ýasuhiro Ibanyň ýolbaşçylygyndaky halkara paleontologlar topary bu jandarlaryň diňe bir deňiz düýbünde gizlenip ýaşaman, eýsem, şol döwrüň iň iri deňiz süýrenijileri bilen bäsleşmäge ukyply, güýçli ýyrtyjy bolandyklary baradaky netijä geldiler.

​Alymlar Ýaponiýanyň we Wankuwer adasynyň kenarlaryndan tapylan gadymy kelleaýaklylaryň 27 sany daşlaşan eňegini (çüňklerini) derňediler.

​Ýokary tehnologiýaly skanirleme we sanly rekonstruksiýa usulynyň ulanylmagy, Nanaimoteuthis haggarti görnüşiniň wekiliniň beden uzynlygynyň 1,5–4,5 metr, çüňklerini (dillini) hasaba alanyňda bolsa, umumy ölçeginiň 7–19 metr bolandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Hut şu aýratynlyk hem olary ylma belli bolan iň iri oňurgasyz jandarlaryň birine öwürýär.

​Çüňkleriň köneliş derejesiniň derňewi olarda döwükleriň we çyzyk yzlarynyň bardygyny görkezdi. Munuň özi osminoglaryň ammonitleriň gabyklaryny we iri balyklaryň skeletlerini döwmäge ukyply bolandygyny tassyklaýar.

Şeýle-de olaryň çüňklerindäki köneliş yzlarynyň deň däldigi, bu jandarlaryň aw awlanynda bedeniniň bir tarapyny has köp ulanandygyny görkezip, olaryň hem häzirki zaman osminoglary ýaly çylşyrymly nerw ulgamyna we ösen akyla eýe bolandygyny subut edýär.

Täze maglumatlar hek eýýamy baradaky düşünjeleri üýtgedip, oňurgasyz jandarlaryň iýmit zynjyry hem edil akulalardyr mozazawrlaryňka meňzeş bolandyr diýen çaklamany döredýär.


düýn 23:19
224

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....

düýn 14:21
2.2k+

Şalynyň zyýankeş gurçuklary duzaga salmak we öldürmek häsiýetiniň bardygy anyklandy

Arkanzas uniwersitetiniň alymlary şalynyň öz tüýjümek sümmül gurluşyny duzak hökmünde ulanyp, mekge ýapragynyň sowkasyny fiziki taýdan öldürip bilýändigini anykladylar. Bu barada Ecological Processes......

16.05.2026 23:58
2.7k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

15.05.2026 11:10
6.3k+

Ýuwaş ummanynyň 9 müň metr çuňlugynda heniz görülmedik syrly jandaryň üstünden baryldy

Awstraliýaly we ýapon alymlarynyň bilelikdäki ekspedisiýasynyň barşynda, Rýukýu çuňluklarynda 9137 metr rekord derejedäki çuňlukda häzirki wagta çenli mälim bolan jandarlar toparynyň hiç birine degişli edip......