Neandertallaryň çagalary häzirki zaman çagalardan tiz ýetişipdir

  • 19.04.2026 23:37
  • 4.9k+

Paleoantropologlar neandertal çagalarynyň irki ýaşlarda häzirki zaman çagalaryna garanyňda has çalt ösendiklerini anykladylar. Olar Ysraýyldaky Amud gowagynda tapylan çaga ystyhanyny gaýta öwrenenlerinden soň şeýle netijä geldiler.

Barlaglarda çaganyň diş syrçasy onuň aradan çykan wagtynda 5,5–5,7 aýlykdygyny görkezdi. Ýöne onuň süňkleriniň ösüşi, häzirki zaman 1 ýaş iki aýlyk çaganyňky bilen deňeçerdir. Bu bolsa neandertallaryň beden ösüşiniň häzirki zaman adamlaryndan ep-esli tapawutlanýandygyny aňladýar.

Amud-7 i ystyhany 1992-nji ýylda tapylyp, ol 111 bölekden ybaratdyr (kelle, gol-aýak, oňurga we çanaklyk süňkleri).

Barlaglarda onuň eýesiniň boýy 70,3–78,6 sm, beýnisiniň göwrümi bolsa takmynan 879 kub sm çykdy.

Amud gowagy arheologlara 1960-njy ýyllardan bäri bellidir. Ol ýerde takmynan 56–51 müň ýyl ozal ýaşan neandertallaryň köp sanly galyndylary tapyldy. Barlagyň awtorlary neandertal çagalarynyň galyndylarynyň örän seýrek tapylýandygyny, şonuň üçin olaryň ösüşiniň entek doly öwrenilmändigini belleýärler.

Täze maglumatlar neandertallaryň durmuşynyň ilkinji ýyllarynda häzirki zaman adamlaryndan has çalt ösendiklerini subut edýär. Şeýle-de bu açyş, öňki barlaglarda dişlere we süňklere görä kesgitlenen ýaş görkezijileriniň näme üçin bir-birine gabat gelmeýändiginiň sebäbini-de aýdyňlaşdyrýar.


düýn 16:45
3.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

düýn 16:26
3.9k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
983

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......