Netflix Stiwen Spilbergiň «Dinozawrlar» atly dokumental serialynyň treýlerini görkezdi

  • 08.02.2026 18:20
  • 2.5k+

Netflix Stiwen Spilbergiň prodýuserligindäki «Dinozawrlar» («Динозавры») dokumental serialynyň ilkinji kadrlaryny we treýlerini görkezdi. Filmi meşhur aktýor Morgan Frimen seslendiripdir.
Platformanyň beýanatynda aýdylyşy ýaly, «Dinozawrlar» tomaşaçylara «dünýäniň ýitirim bolan eýýamyna syýahaty» hödürleýär. Serial ýüz millionlarça ýylyň dowamynda dinozawrlaryň emele gelşi we ösüşi, şeýle hem nesliniň kesilmegi barada gürrüň berer. Treýlerde marazuh, plateozawr, mamenisizawr, tirannozawr, pliozawr, anhiornis we longipteriks ýaly taryhdan öňki ägirt ýyrtyjylary görüp bolýar.
Serialyň wizual effektleriniň we animasiýasynyň üstünde Jorj Lukas tarapyndan esaslandyrylan Industrial Light & Magic studiýasy işledi. Spilberg we Lukas öňem iri kino taslamalarynda, şeýle hem dinozawrlara bagyşlanan «Ýura eýýamynyň seýilgähi» («Парк Юрского периода») franşizasynyň filmlerinde hyzmatdaşlyk edipdiler. Taslamanyň önümçilik hysyrdylaryny «Biziň planetamyzdaky durmuş» («Жизнь на нашей планете») serialynyň üstünde işlän topar – Amblin Documentaries bilen Silverback Films öz üstüne aldy.
Hersi bir sagat dowam edýän dört bölümden ybarat «Dinozawrlaryň» şouranneri — Den Tapster, režissýory— Nik Şulingin-Jordon boldy. Prodýuserleriň we režissýorlaryň hatarynda Jolion Satkliff, Ember Çerri Iýms we Darren Wilýams hem bar. Sazyny ýazan Lorn Balfdyr.
Serialyň premýerasy 2026-njy ýylyň 6-njy martynda Netflix-de görkeziler.


düýn 12:24
939

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

düýn 08:41
1.2k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

06.06.2026 20:43
3.4k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....