Kino hakynda kino: Italiýada «Birwagtlar Amerikada» filminiň döreýşi ekrana geçirilýär

  • 16.05.2026 11:29
  • 1.9k+

Italiýaly režissýorlar Juzeppe Stazi we Jankarlo Fontana nusgawy «Birwagtlar Amerikada» («Однажды в Америке») kinofilminiň döredilişi barada täze film düşürerler. Bu barada Variety neşiri habar berdi.

Taslamany Leone Film Group kompaniýasy hödürlär. Film režissýor Serjo Leoneniň 1984-nji ýylda Kann kinofestiwalynda ilkinji görkezilişi bolan gangster epopeýasynyň üstünde alyp baran işleri barada gürrüň berer.

Režissýoryň gyzy Raffaella Leone: «Aslynda, bu bütin ömrüni öz arzuwynyň yzyndan ylgap geçiren, ýa-da iň bolmanda, bir filmi döretmek üçin 15 ýylyny sarp eden we maksadyna ýetýänçä başga hiç zat bilen meşgullanmadyk adamyň hekaýatydyr. Özi-de onda meniň kakam hakynda teýeneli gürrüň berilýär» diýip, täze taslama barada öz garaýşyny beýan etdi.

Ssenariýany Juzeppe Stazi, Jankarlo Fontana, Ludowika Rampoldi we Dawide Serino ýazýarlar. Olar mundan ozal Prime Video üçin «Ýaramaz oglan» («Плохой парень») seriýasynyň üstünde işläpdiler.

Geljekki filmiň mazmuny entek doly mälim edilmedi. Ýöne wakalaryň Rimde, Nýu-Ýorkda, Los-Anjelesde, Parižde we Kannda bolup geçjekdigi belli. Kinofilm Serjo Leoneniň ömrüniň dürli döwürlerini, şol sanda çagalyk ýyllaryny hem öz içine alar.


düýn 07:46
1.1k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.4k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
11k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....