Fransiýada Luwr muzeýiniň talanmagy barada film düşüriler

  • 19.05.2026 23:09
  • 2.1k+

Romen Gawrasyň režissýorlyk etmeginde Luwr muzeýinde bolup geçen talaňçylyk ekrana geçiriler. Bu barada «Le Figaro» neşiri habar berýär.

Režissýor filmi Žan-Mişel Dekuži, Žeremi Fam-Le we Nikola-Şarl Torrentiň «Main basse sur le Louvre» («Luwrdan eliňi çek») atly kitabynyň esasynda düşürer. Kitap okyjyny «gizlin resminamalara we haýran galdyryjy hasabatlara» esaslanýan talaňçylygyň taryhyna alyp gitmegi wada berýär.

Häzirki wagtda Romen Gawras filmiň adyny, aktýorlaryň düzümini we ekrana çykjak senesini mälim etmedi.

«Le Film français» neşiriniň habar bermegine görä, Romen Gawras ssenarini Saýmon Žake («Pariž, men seni söýýärin») we Murad Winter («Söýgi aşa bahalandyrylan») bilen bilelikde ýazmaga başlady. Režissýor prodýuser hökmünde «Iconoclast» kompaniýasyny işe çekdi, ol bu kompaniýa bilen 2022-nji ýylda Wenesiýa kinofestiwalynda iki sany baýraga mynasyp bolan «Afina» filminiň üstünde işläpdi.

Belläp geçsek, 2025-nji ýylyň oktýabrynda Luwr muzeýi bary-ýogy ýedi minutyň içinde talandy. Ogrular muzeýden Napoleonyň we imperatoryň aýaly Žozefinanyň kolleksiýasyndan gymmatbaha şaý-sepleri hem-de beýleki gymmatlyklary alyp gaçdy. Ogurlykdan soň, Luwrdaky Apollon galereýasynyň aşagynda imperatoryň aýaly Ýewgeniýanyň zeper ýeten täji tapyldy. Luwr ony dikeltmek işlerine başlady.


düýn 11:37
2.7k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:22
4k+

96 ýaşly tanymal režissýor Klint Istwud karýerasyny tamamlaýar

Meşhur amerikan aktýory we režissýory Klint Istwud kino pudagyndaky karýerasyny tamamlady. Bu barada onuň ogly habar berdi....

04.06.2026 17:20
2.6k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

03.06.2026 23:15
3.5k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......