Jon Trawolta Kannda duýdansyz ýagdaýda «Altyn palma şahasy» hormat baýragyny aldy

  • 16.05.2026 19:49
  • 3.7k+

Amerikan aktýory Jon Trawolta kinematografiýa goşan goşandy üçin Kann kinofestiwalynyň «Altyn palma şahasy» hormat baýragyna mynasyp boldy. Bu baýragyň gowşuryljakdygy barada öňünden habar berilmändi.

Bu garaşylmadyk çözgüt barada festiwalyň baş direktory Týerri Fremo «France Info» telekanaly tarapyndan ýaýlyma berlen dabarada mälim etdi.

«Bu baýrak “Oskardan” has ýokarydyr. Ynanyp bilemok, muňa düýbünden garaşmandym» — diýip, Trawolta baýragy alandan soň aýtdy.

72 ýaşly aktýor festiwalda özüniň ilkinji režissýorlyk işi bolan «Gijeki uçuş» («Propeller One-Way Night Coach», 2026) filmini görkezdi. 

Jon Trawolta 1954-nji ýylda ABŞ-da futbolçynyň we aýdymçynyň maşgalasynda dünýä indi. Aktýor halkara derejesindäki meşhurlyga 1970-nji ýyllarda çykan «Şenbe agşamynyň heseri» («Saturday Night Fever», 1977) we «Briolin» («Grease», 1978) filmlerinden soň eýe boldy.

Trawoltanyň meşhurlygynyň täze tapgyry bolsa 1990-njy ýyllarda Kwentin Tarantinonyň «Jenaýatçylyk edebiýaty» («Pulp Fiction», 1994) filmine gatnaşmagyndan soň başlandy. Aktýor öz karýerasy boýunça 80-den gowrak filmde surata düşdi, iki gezek «Oskar» baýragyna dalaşgär görkezildi we 1995-nji ýylda «Keltäni tapmak» («Get Shorty», 1995) komediýasyndaky roly üçin «Altyn globus» baýragyny aldy.


düýn 23:58
1.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
11k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 08:26
6k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....