«Collider» HBO-nyň soňky on ýylda çykan iň gowy 12 serialynyň reýtingini düzdi

  • 19.05.2026 07:36
  • 4.5k+

«Collider» neşiri HBO-nyň soňky on ýylyň dowamynda çykarylan iň gowy 12 serialynyň reýtingini hödürledi. Sanawyň birinji ornuny «Çernobyl» mini-serialy eýeledi.

«HBO elmydama abraýly telewizion önümleriň nusgasy bolup geldi. Telekanal şeýle abraýy özüniň ýokary maksatly beýan edijiligi arkaly gazandy, munda esasy maksat — tomaşaça ýöne bir göwün açyjy şüweleňden has uly zady hödürlemekdir. Elbetde, HBO-nyň “Sopranolar” (The Sopranos) we “Söweş arkadaşlary” (Band of Brothers) ýaly klassyky seriallary bütinleý başga bir derejededir, ýöne soňky 10 ýyl HBO üçin öwrülişikli döwür boldy» – diýip, neşiriň awtorlary ýazýar. «Collider-iň» pikiriçe, soňky ýyllarda kanalyň taslamalary has batyrgaý hem-de çuňňur oýlanmalara baý boldy, hekaýalaryň özi bolsa has çylşyrymly we oňaýsyz temalara ýygy-ýygydan girişip başlady.

Reýtingiň lideri barada aýdylanda, «Collider» «Çernobyl» serialynyň taryhy drama we ädimleýin horror elementlerini özünde birleşdirip, Çernobyl AES-indäki heläkçilige getiren institusional şowsuzlyklaryň we syýasy çözgütleriň netijelerini öwrenýändigini ýazýar.

«HBO-nyň mini-serialy 1986-njy ýylyň aprelinde bolup geçen weýrançylykly ýadro heläkçiligi barada gürrüň berýär, ýöne döredijileri bolup geçýän zatlaryň diňe bir mehanikasy gyzyklandyrmaýar. Tankytçylar tarapyndan ýokary baha berlen bu serial elhenç waka sebäp bolan syýasy çözgütleri we geleňsizlikleri derňeýär» – diýip, reýtingi düzenler belleýär.

«Collider» neşiri boýunça, iň gowy 12 HBO serialynyň sanawy:

  • «Çernobyl» (Chernobyl, 2019)
  • «Bizden biri» (The Last of Us, 2023 — häzirki wagt)
  • «Sakçylar» (Watchmen, 2019)
  • «Mirasdüşerler» (Succession, 2018 — 2023)
  • «Pitt» (Pitt, 2025 — häzirki wagt)
  • «Gijeleriň birinde» (The Night Of, 2016)
  • «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon, 2022 — häzirki wagt)
  • «Barri» (Barry, 2018 — 2023)
  • «Isttaunly Meýr» (Mare of Easttown, 2021)
  • «Ak lotos» (The White Lotus, 2021 — häzirki wagt)
  • «Uly kiçijik ýalan» (Big Little Lies, 2017 — 2026)
  • «Ýiti zatlar» (Sharp Objects, 2018)

düýn 11:31
2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
19k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....