Spinozawrlar deňiz mahluklary däl-de, ägirt uly hokgarlar bolup çykdy

  • 25.02.2026 12:01
  • 4.9k+

Paleontologlar spinozawrlaryň öň çaklanylyşy ýaly, deňiz ýyrtyjylary däldigini anykladylar. Nigerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri bu meselä aýdyňlyk girizdi. 

2019-njy ýylda barlagçylar ol ýerden äň böleklerini tapan bolsalar,  soňky ekspedisiýada bolsa täze görnüşiň — Spinosaurus mirabilis-iň tas doly ystyhanyny ýüze çykardylar.
Uzynlygy 10–14 metre ýeten bu dinozawrlar takmynan 95 million ýyl ozal ýaşapdyrlar. Olar meşhur Spinosaurus aegyptiacus-yň garyndaşlarydyr.
Spinosaurus mirabilis-iň kellesindäki darak şekilli dik süňk ýarag däl-de, garşydaşlaryna we jübütlerine özüni görkezmek üçin hyzmat eden eken. Olaryň ýasy burny we yzky dişleriniň seýrek ýerleşmegi balyk tutmaga oňaýly bolupdyr.


Bedeniň ölçeg derňewi spinozawrlaryň hokgar ýaly ýalpak suw guşlary bilen suwa çümýän balykçy jandarlaryň arasyndaky orny eýeländigini görkezdi. Arkasyndaky beýik ýelkeni bedeni suwda durnuksyz edendigi sebäpli, olaryň has ululary açyk deňizde ýüzmän, çuňlugy 3 metre çenli bolan ýalpak ýerlerde ýöräpdirler.
Galyndylaryň gadymy kenar çyzygyndan uzakda tapylmagy hem bu dinozawrlaryň kenarýaka durmuş düzgünimi tassyklaýar. Bu ylmy barlag işleriniň netijeleri Science žurnalynda çap edildi.


düýn 15:05
6.4k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

08.06.2026 12:39
6k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 10:16
6.4k+

Awstraliýada bahasy 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak ekzotik saçakçy ele salyndy

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri umumy bahasy takmynan 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak janly ekzotik saçakçyny ele saldylar. Bu barada The Guardian gazeti habar......

07.06.2026 10:07
3.2k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......