Alymlar tebigatda gezelenç etmek bilen bagt duýgusynyň arasynda baglanyşygyň bardygyny tassykladylar

  • 17.05.2026 15:31
  • 2.7k+

Halkara alymlar topary tebigata yzygiderli çykmagyň durmuşdan kanagatlanmak duýgusynyň ýokarlanmagyna we özüňi gowy duýmaklyga gönüden-göni goşant goşýandygyny anyklady.

Bu barlaga 58 ýurtdan 36 dilde gepleýän 50 363 adam gatnaşdy. Taslamanyň üstünde 253 alym işledi. Gatnaşyjylaryň ortaça ýaşy 33 ýaşdy we olaryň köpüsi şäher ýerlerinde ýaşaýan zenanlardy.

Gatnaşyjylar tebigat bilen gatnaşygy, daşky gurşaw bilen baglanyşygy, kyn pursatlarda özlerine bolan garaýyşlary baradaky soraglara jogap berdiler, şeýle hem tebigatly ýerlere baryp görlenden soňky psihologik ýagdaýyna baha berdiler.

Sowalnamalaryň seljermesi tebigata köpräk çykmagyň durmuşdan kanagatlanmak duýgusynyň artmagy we öz bedeniňe garaýşyň gowulanmagy bilen baglanyşyklydygyny görkezdi. Şeýle hem, barlagçylar tebigy gurşawyň özüňe rehimliligi (özüňe, esasanam, şowsuzlyk bolanda, ýalňyşlyk goýberilende ýa-da durmuş kynçylyklary döwründe özüňe mähirli bolmak, düşünmek we öz-özüňe teselli bermek ukyby) ösdürýändigini we munuň abadançylyga şükürli bolmaklyga täsir edýändigini anykladylar.

Pikir soraşylanlar tebigat bilen gatnaşykdan soň rahatlyk we dynç alanlyk duýgusynyň peýda bolýandygyny hem habar berdiler. Barlagyň netijelerine görä, bu ýagdaý janyňy rahat duýmagyňa we umumy psihologiki sagdynlyga oňyn täsir edipdir.

Barlagyň awtorlary ýüze çykarylan kanunalaýyklygyň öwrenilen 58 ýurduň 53-sinde dürli jynsly we ýaşly adamlar üçin birmeňzeş bolup çykandygyny bellediler. Braziliýada, Hindistanda, Pakistanda, Latwiýada we Taýwanda kadadan çykmalar bellige alyndy.


düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 14:38
6.6k+

Islandiýada iki ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan läheň awlamak başlandy

Islandiýada täjirçilik maksatly läheň awunyň wagtlaýynça bes edilmeginden iki ýyl geçirip,  ýene-de iki sany läheň awlandy. RUV teleradiokompaniýasynyň habar bermegine görä, bu aw suw jandarlaryny tutmaga......

25.06.2026 10:41
3.5k+

Zalymlyga garşy gözellik: Nature and Humans surat bäsleşiginiň netijeleri

Ýylda geçirilýän üçünji Nature and Humans Photo Competition surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Oňa dünýäniň 49 ýurdundan we sebitinden suratçylar gatnaşdylar. Şu ýylky halkara eminler toparyna meşhur......