Taýwanda ýaşy 400–800 müň ýyla barabar bolan äpet pitonyň oňurgasy tapyldy

  • 15.02.2026 09:44
  • 10k+

Arheologlar Taýwanda ýaşy 400–800 müň ýyl diýlip çaklanylýan äpet pitonyň oňurgasyny tapdy. Bu tapyndy şeýle ýylanlaryň bir wagtlar adada ýaşandygyny subut edýän ilkinji gazylyp tapylan subutnamadyr. Barlagyň netijeleri Historical Biology žurnalynda çap edildi.
Tapyndy Taýnan şäheriniň golaýyndaky Çiting gatlagyndan tapyldy. Oňurga Pythonidae maşgalasyna degişli bolan ýylanyňky hasaplanýar. Alymlar 3D-modelirleme arkaly bu ýylanyň daşky görnüşini dikeltdi. Onuň bedeniniň uzynlygy, takmynan, 3,7 metre ýetipdir. Oňurga orta pleýstosen döwrüne (800–400 müň ýyl ozal) degişli diýlip bellenilýär.


Taýwanyň Milli uniwersitetiniň alymlary tapylan süňki zigosfenanyň (ýylanyň oňurga süňklerini birleşdirýän we olaryň güýçli towlanmagyny çäklendirýän süňk gurluşy) görnüşine görä anyklady. Pitonlarda ol giň we şine şekilli bolup, bu aýratynlygy bilen olar beýleki ýylanlardan tapawutlanýar.
Barlagçylaryň pikiriçe, pleýstosen döwrüniň ahyrynda adanyň tebigy gurşawynda düýpli üýtgeşmeler bolup geçipdir. Bu ýagdaýlar pitonlaryň we beýleki iri haýwan görnüşleriniň ýitip gitmegine sebäp bolupdyr.


08.06.2026 16:45
3.5k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 17:07
1k+

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

01.06.2026 12:01
5.3k+

Nemes alymlary kepderileriň bagryndaky tebigy GPS-kompasyň syryny anykladylar

Germaniýanyň Bonn we Duýsburg-Essen uniwersitetiniň gözlegçileri kepderilerdir gögerçinleriň bagyrda ýerleşen hem özünde demir saklaýan ýörite immun ulgamynyň öwüşginleri arkaly Ýeriň magnit meýdanyndan ugur......