Alymlar alty günüň içinde öz-özünden dargaýan plastigi döretdi

  • 06.05.2026 08:57
  • 2.8k+

Ylmy gözlegçiler signal boýunça öz-özüni ýok etmäge ukyply bolan täsin plastigi döretdi. Olar materialyň içine dürli funksiýaly iki fermenti öndürmek üçin genetik taýdan üýtgedilen Bacillus subtilis bakteriýasynyň sporalaryny ýerleşdirdi diýip, Interesting Engineering habar berýär. 

Birinji ferment uzyn polimer zynjyrlaryny gysga böleklere bölýär, ikinjisi bolsa bu bölekleri monomerlere çenli dargadýar. Başgaça aýdylanda, plastigi dolulygyna düzüm böleklerine «sökýär».

Esas hökmünde 3D-çap we käbir lukmançylyk önümleri üçin giňden ulanylýan polikaprolakton alyndy. Bakteriýa sporalary ukuda wagty, plastik özüni adaty alyp barýar: berkligini we görnüşini saklaýar. Emma sporalary «oýandyrsaň» — tejribe wagtynda munuň üçin 50°C töweregi temperaturadaky iýmitlendiriji gurşaw ulanyldy — bakteriýalar gurluşy dargadyp başlaýar. Netijede, bary-ýogy alty günüň dowamynda material dolulygyna dargap ýok bolýar.

Bu tehnologiýanyň esasy artykmaçlygy, dargama mikroplastik emele gelmezden bolup geçýär. Fermentler yzygiderli işleýär we prosesi ahyryna çenli ýetirýär, ýagny materialy ownuk we durnukly böleklere bölmän, eýsem düýpden ýok edýär. Awtorlaryň pikiriçe, bu usul plastik hapalanmasyna garşy göreşde täze gural bolup biler. Hususan-da, galyndylaryň agramly böleginiň düşýän ýeri bolan suw gurşawynda amatly we howpsuz işjeňleşdiriş mehanizmini amala aşyrmak başartsa, bu has-da ähmiýetli bolar.

Mysal hökmünde görkezmek üçin alymlar bu materialdan çeýe we dakylýan elektrod ýasady: ol elektromiografik signallary takyk kabul etdi, soňra bolsa, takmynan, iki hepdäniň dowamynda dolulygyna dargady.


düýn 10:01
2.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......