Efiopiýada Lýusi bilen döwürdeş 600 kg agramly äpet krokodil tapyldy

  • 14.03.2026 15:03
  • 9k+

Paleontologlar mundan 3 million ýyl ozal Gündogar Afrikada ýaşan we gadymy adamlary awlan bolmagy juda ähtimal äpet krokodiliň täze görnüşini anykladylar. Bu görnüşe «Lýusiniň awçysy» diýen manyny berýän Crocodylus lucivenator diýlip at berildi. Barlagyň netijeleri hakda Journal of Systematic Palaeontology žurnalynda okamak mümkin.

Aýowa uniwersitetiniň alymlary Efiopiýanyň Afar sebitindäki Hadar düzlüginden tapylan 121 sany gazylyp alnan nusgany, esasan hem kelleçanaklary we äň süňklerini öwrendiler. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän bu sebit ynsan ewolýusiýasynyň irki döwürlerine degişli tapyndylary bilen meşhurdyr.

Barlaglara görä, bu krokodil takmynan 3,4-3 million ýyl ozal — meşhur Lýusä degişli bolan afar awstralopitekleriniň ýaşan döwründe we şol bir sebitlerde ýaşapdyr.

Uly ýaşly krokodilleriň uzynlygy 4–4,5 metre, agramy bolsa 270-den 600 kilograma çenli ýetipdir. Derýalary, kölleri we kenarýaka tokaýlary özünde jemleýän tebigy künjek bolan Hadarda bu görnüş iň esasy ýyrtyjy hasaplanypdyr.

Aýowa uniwersitetiniň professory Kristofer Broşu bu hakda beren gürrüňinde: «Bu krokodiliň Lýusiniň nesillerini awlandygyny şübhelenmän aýdyp bileris» diýip, ynamly belleýär.

Haýwanyň burnunda gözeilginç süňk ösüntgisi bolup, alymlar ony erkek krokodilleriň öz jübütleriniň ünsüni çekmek üçin ulanandygyny çaklaýarlar. Şeýle hem, tapylan äňleriň birinde ýara yzlarynyň bolmagy krokodilleriň özara darkaşlaryndan habar berýär.


düýn 15:05
6.4k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

08.06.2026 12:39
6k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 10:16
6.4k+

Awstraliýada bahasy 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak ekzotik saçakçy ele salyndy

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri umumy bahasy takmynan 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak janly ekzotik saçakçyny ele saldylar. Bu barada The Guardian gazeti habar......

07.06.2026 10:07
3.2k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......