Ispaniýada taryhda iň kiçijik dinozawrlaryň biri tapyldy

  • 05.02.2026 16:20
  • 9.3k+

Ispaniýanyň demirgazygynda paleontologlar dinozawryň täze görnüşini — irki hek döwrüniň iň kiçi ornitopodlarynyň biri bolan Foskeia pelendonum diýlip atlandyrylan görnüşi ýüze çykardy. Bu jandaryň boýy ýarym metrden geçmeýär, emma onuň kelleçanagynyň gurluşy örän çylşyrymly we ewolýusion taýdan ösen bolup çykdy.
Bu tapyndy Ýewropanyň ösümlik bilen iýmitlenýän dinozawrlarynyň taryhyndaky köp million ýyllyk boşlugy doldurmaga kömek edýär.
Dinozawryň galyndylary Burgos welaýatynyň Wegahete diýen ýerinden tapyldy. «Papers in Palaeontology» žurnalynda çap edilen barlag işinde azyndan bäş sany wekiliň galyndylary öwrenildi. Ilki bilen süňkleriň örän kiçijikdigi ünsi çekse-de, soňraky seljermeler olaryň ähmiýetiniň diňe bir ölçeg bilen çäklenmeýändigini görkezdi.
Urugyň Foskeia ady gadymy grek dilindäki «ýeňil» we «iýmitlenmek» diýen sözler bilen baglanyşyklydyr. Pelendonum bolsa öň şol ýerlerde ýaşan pelendonlar taýpasyny görkezýär. Ölçegleriniň kiçidigine garamazdan, dinozawryň kelleçanagynyň gurluşy adaty däl häsiýetlere eýedi. Süňkleriň gistologik seljermesi madda çalşygynyň guşlar ýa-da ownuk süýdemdirijiler bilen deňeşdirer derejede ýokarydygyny görkezdi.
Filogenetik seljerme Foskeia-ny Rhabdodontomorpha toparynyň içinde Awstraliýanyň Muttaburrasaurus görnüşiniň ýanynda ýerleşdirip, Ýewropanyň Rhabdodontia liniýasy baradaky düşünjeleri giňeltdi.


08.06.2026 16:45
3.5k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
1k+

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......