Kiçijek, özem süsek: Meksikada dawany kelle bilen çözen dinozawrjyk tapyldy

  • 01.02.2026 18:56
  • 7.9k+

Halkara paleontologlar topary häzirki zaman iri göwrümli guşuň ölçeginden uly bolmadyk dinozawryň täze görnüşiniň üstünden bardylar. Dinozawryň kellesindäki süňk ösüntgisi, onuň dürli häsiýetli çaknyşyklary süsüşmek arkaly çözen bolmagy ahmal diýen çaklamany döredýär. Şunuň özi-de, hek döwrüniň hatda uşak ýyrtyjylarynyň hem dawalaryny diňe bir dişleri ýa penjeleri bilen däl-de, eýsem kelle urgusy arkaly  çözendiklerine güwä geçýär.
Belli bolşy ýaly, hek döwrüniň ahyrynda dinozawrlar hetden aşa köpelip, iýmit, ýer we jübütleşmek ugrundaky göreşde biri-birini gysypdyrlar. Olaryň arasynda, iri pahisefalozawrlar we şahly seratopslar bilen birlikde, akyla we tizlige daýanýan guşlaryň ata-babalary - çalasyn teropodlar hem ýaşapdyrlar.
2000-nji ýylda paleontolog Marta Agilon-Martines Serro-del-Pueblo gatlagynda öň mälim bolan tapyndylara meňzemeýän kelleçanagy tapdy. Seljermeler bu süňküň ýaşynyň 73 million ýyla barabardygyny, özüniň bolsa uly beýnili hem-de ýiti gözli guş şekilli teropodlara — troodontidlere degişlidigini görkezdi. Kelleçanagyň öň böleginde büdür-südür teksturlaly galyň tömmek bar. Kompýuter tomografiýasy süňkleriň mäkäm birleşendigini we içindäki gowak gurluşyň urgulary ýumşatmaga hyzmat edendigini anyklady.

Ektor Riwera-Silwanyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary dinozawra Xenovenator espinosai — «Espinosanyň geň awçysy» diýip at berdiler. Ähtimal, kiçi dinozawrlar bu süňk ösüntgisini häzirki zaman goçlaryň ýa-da goçöküzleriň süsüşme söweşlerine meňzeş usulda öz çäkleri, derejeleri ýa-da jübütleri ugrundaky bäsdeşliklerde ulanandyrlar.
Amerikaly barlagçy Dewid Warikkio tapylan tapyndynyň, bary-ýogy kelleçanakdygyny, şol sebäpli görnüşiň özüni alyp barşy barada gutarnykly netije çykarmagyň entek irdigini belledi. Muňa garamazdan, ol troodontidleriň adaty ýaşamak üçin ýer ugrunda çaknyşyklary gurnan bolmagy baradaky çaklamany-da aradan aýyrmaýar.
Ylmy iş Diversity žurnalynda çap edildi.

 


04.06.2026 18:07
7.1k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

21.05.2026 09:42
3.1k+

Ispaniýada 150 mln ýyllyk gaty gowy saklanan stegozawryň kelleçanagy tapyldy

Ispaniýaly paleontologlar Teruel welaýatynda takmynan 150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen stegozawryň tas bütinleý saklanyp galan kelleçenegini tapdylar. Alymlar bu tapyndyny Ýewropada şu wagta çenli......

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......