Hytaýly paleontologlar ýüzlerçe million ýyl ozal ýaşan gadymy balyklaryň galyndylaryny tapdy

  • 09.04.2026 16:20
  • 3.6k+

Hytaýda alymlar gadymy balyklar bilen baglanyşykly birwagtda iki sany açyş barada habar berdi: iň irki döwürlere degişli doly saklanyp galan süňkli balyklaryň biri tapyldy, şeýle hem şöhleýüzgüç balyklaryň täze görnüşi ýüze çykaryldy.

Çunsin şäheriniň Sýuşan diýen ýerinde paleontologlar, takmynan, 436 million ýyl ozal ýaşan Eosteus chongqingensis balygynyň gatap galan galyndysyny tapdy. Ol irki silur döwrüne degişli bolup, kellesinden guýrugyna çenli dolulygyna saklanypdyr.

Tapylan galyndynyň uzynlygy üç santimetr töweregi. Alymlar gadymy oňurgaly haýwanlaryň beýle gowy saklanan nusgalarynyň örän seýrek duş gelýändigini we munuň olaryň gurluşyny jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berýändigini belleýär.

Şol bir wagtda, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Oňurgalylaryň paleontologiýasy institutynyň hünärmenleri, takmynan, 423 million ýyl ozal ýaşan Megamastax amblyodus balygyny öwrendi. Kompýuter tomografiýasynyň kömegi bilen olar balygyň kellesiniň gurluşyny dikeltmegi we diş plastinalarynyň gurluşyny anyklamagy başardy — bu mesele 50 ýyldan gowrak wagt bäri çözülmän galypdy. Çaklamalara görä, bu balygyň uzynlygy bir metrden geçipdir we öz döwrüniň iň iri oňurgaly haýwany bolupdyr.

Seljermeler bu görnüşleriň ikisiniň hem süňkli balyklaryň şöhleýüzgüç we perýüzgüç toparlara bölünmezinden ozal bar bolan irki toparyna degişlidigini görkezdi.

Mundan başga-da, Ýunnan welaýatynda şöhleýüzgüç balyklaryň, takmynan, 244 million ýyl ozal ýaşan, ozal näbelli bolan täze görnüşiniň galyndylary tapyldy diýip, «Global Times» gazeti habar berýär. Täze görnüş P. huoae diýlip atlandyryldy we ol ýitip giden Ptycholepis urugyna degişlidir. Ozal Hytaýda beýle balyklar tapylmandy.

Tapylan nusganyň uzynlygy 27,5 santimetre ýetýär. Alymlar onuň kellesiniň, žabra süňkleriniň we döş ýüzgüçleriniň gurluşy bilen tapawutlanýandygyny, munuň bolsa ony aýratyn bir görnüş hökmünde görkezmäge esas berendigini belleýär.

Bu açyş Aziýada bu balyklaryň geografik taýdan ýaýraýşy bilen bagly maglumatlardaky uly boşlugy doldurýar. Mundan ozal ýaşy, takmynan, 242 million ýyl bolan meňzeş nusgalar, esasan, Ýewropada — Italiýa bilen Şweýsariýanyň serhedinde, şeýle hem Beýik Britaniýada, Germaniýada we Fransiýada tapylypdy.


düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:53
3.5k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

10.06.2026 08:04
9.7k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....