Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini açdylar: Ol tas 110 ýyllap köpçüligiň göz öňünde durdy

  • 16.12.2025 19:18
  • 5.1k+

Paleontologlar köne kolleksiýalaryň arasyndaky muzeý witrinasynda dinozawryň täze görnüşini tapdylar. Bu, alymlaryň 1916-njy ýylda tapylan ördek burunly gadrozawridanyň nusgasyny täzeden öwrenenlerinden soň ýüze çykdy.

Takmynan, 75 million ýyllyk ýaşyndaky galyndy, bu döwrüň dowamynda ýalňyşlyk bilen başga bir uruga degişli edilipdi, ýöne häzirki zaman gözlegi täze görnüşi – Ahshiselsaurus wimani – aýratynlaşdyrmaga mümkinçilik beren ýeke-täk anatomiki aýratynlyklary ýüze çykardy.
Nusga doly bolmadyk kelleçanagy (ýüz bölekleriniň, aşaky äňiň, ýaňak sebitiniň böleklerini) hem-de birleşen boýun oňurgalaryny öz içine alýar. Bu bolsa jikme-jik deňeşdirmek üçin ýeterlik maglumat berdi. Ilkibaşda, 1935-nji ýyldan bäri, galyndy Kritosaurus urugynyň nusgasy hasaplanypdy. Ýöne täze analiz kritozawrlarda duş gelmeýän birnäçe aýratynlyklary ýüze çykardy, bu bolsa aýratyn urugy we görnüşi bölüp çykarmaga getirdi.
Alymlar açyşy tassyklamak üçin her bir süňki jikme-jik öwrendiler we ewolýusiýa baglanyşyklaryny yzarlaýan filogenetiki analiz geçirdiler. Täze Meksikanyň Tebigy taryh we ylym muzeýinden Entoni Fiorillo nygtaýşy ýaly, kelleçanak elementleri iň ygtybarly tapawutlary berdi.
Ahshiselsaurus wimani-niň açylmagy, şeýle hem gadymy göçleriň kontinent boýunça taryhy baradaky maglumatlary doldurdy. Täze görnüş, Demirgazyk Amerikanyň günorta-günbataryndan demirgazyga tarap hereket edip, Kanada baryp ýeten, soňra bolsa Merkezi Amerika arkaly Günorta Amerika ýaýran süýrenjileriň toparyna degişlidir. Bu, howanyň üýtgemeginiň haýwanlaryň hereketi üçin "koridorlary" açýandygyny, günorta-günbataryň bolsa öňki görnüşleri gysyp çykaran we giçki hek döwründe toparyň giňden ýaýramagyna ýardam beren gadrozawrlaryň täze toparlary üçin başlangyç nokat bolup hyzmat edendigini tassyklaýar.


08.06.2026 16:45
3.5k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
1k+

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......