Kosta-Rikada 40 000 ýyl öň ýaşan mastodontyň we äpet ýaltajanyň süňkleri tapyldy

  • 17.02.2026 15:59
  • 3.4k+

Kosta-Rikaly barlagçylar takmynan 40 000 ýyl ozal ýaşan mastodontyň we äpet ýaltajanyň galyndylaryny ýüze çykardylar. Ýerli häkimiýetiň wekilleri bu tapyndy ýurtda soňky onýyllyklaryň dowamynda ýüze çykarylan iň uly paleontologik tapyndydygyny mälim etdiler.
Süňkler ýurduň paýtagty San-Hoseden gündogarda ýerleşýän Kartago welaýatynyň çägindäki hususy eýeçilikdäki ýerde tötänleýin tapyldy diýip, Milli muzeý habar berýär. Habarda «Topragyň dürli gatlaklaryna we ýeriň geologiýa seljermesine esaslanýan deslapky barlaglar galyndylaryň ýaşynyň 10 000 — 40 000 ýyl aralygynda bolup biljekdigini görkezýär» diýip bellenilýär.
Häzirki wagtda barlagçylar süňkleriň 49 sany bölegini, şol sanda but süňküni, oňurga we gapyrga süňklerini çykardylar.
Mastodont – pilleriň kowumdaşydyr. Äpet ýaltaja bolsa uzyn egri dyrnakly, agaçlarda ýaşap, juda haýal hereket edýän häzirkizaman ýaltajalaryň ata-babasydyr.


22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

21.05.2026 09:42
3k+

Ispaniýada 150 mln ýyllyk gaty gowy saklanan stegozawryň kelleçanagy tapyldy

Ispaniýaly paleontologlar Teruel welaýatynda takmynan 150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen stegozawryň tas bütinleý saklanyp galan kelleçenegini tapdylar. Alymlar bu tapyndyny Ýewropada şu wagta çenli......

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

10.05.2026 14:09
1.6k+

Alymlar dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny 10 mln ýyl öňe süýşürdi

ABŞ-dan paleontologlar dinozawrlaryň Ýer ýüzünde öňki çaklanylandan 10 million ýyl ir peýda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky netijä geldi. Geçirilen barlaglara görä, olaryň gelip çykyşy 250–240 million ýyl......